UEFA Çempionlar Ligasynda ilkinji finalçy belli boldy. Öz meýdançasynda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Borussiýa Dortmund” topary PSŽ-ni Parižde-de şol hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Çekeleşikli we gyzykly ýagdaýda geçen oýnuň ýeke-täk goluny 50-nji minutda Mats Hummels geçirip, ol UÇL-de ýarym finalda tapawutlanan iň ýaşuly 3-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy (Raýn Giggz, Edin Jeko). PSŽ toparyna bu gola jogap bermek başartmady. Esasan hem oýnuň soňky 20 minutyny dortmundlylaryň jerime meýdançasynyň alkymynda geçiren parižlileriň 31 urgusys takyk bolmady. Olaryň 4 urgusyna sütün päsgel berdi (2 oýunda jemi 6 urgy sütüne degdi). Şunlukda, iki oýnuň netijesi boýunça 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Borussiýa Dortmund” taryhynda 3-nji gezek finala çykdy. Nemes kluby mundan öň 1997-nji ýylda Münhendäki finalda “Ýuwentusy” 3-1 ýeňipdi, 2013-nji ýylda bolsa “Wembley”-de “Bawariýadan” 2-1 hasabynda utulypdy.

“Borussiýa Dortmundyň” 1-nji iýunda “Wembley”-de geçiriljek finaldaky garşydaşy şu gije belli bolup, ol ýa “Real Madrid” ýa-da ýene ozalkysy ýaly “Bawariýa” topary bolar.