7-nji maýda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasy tarapyndan London şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Çärä daşary ýurt döwletleriniň Ilçileri, Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň, Halkara deňiz guramasynyň, «British Library» (Britan) kitaphanasynyň wekilleri, London şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, britan kompaniýalarynyň, türkmen diasporasynyň wekilleri we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ilçisi Ý.Serýaýew öz çykyşynda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp halkara we döwlet derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada belläp geçdi. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary okaldy, şeýle hem Türkmenistanyň ösüşine we Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.
Soňra dabaraly çäre nusgawy şahyryň eserleriniň, türkmen halkynyň milli egin-eşikleriniň, şaý-sepleriniň we amaly-haşam sungatynyň gazananlarynyň ýerleşdirilen sergisini synlamak bilen dowam etdirildi.