Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň Döwlet Dumasyna Mihail Mişustini Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy wezipesine dalaşgärligini tassyklamaga hödürledi. Bu barada Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin jemgyýetçilik torundaky akkaundynda habar berdi. Wolodiniň bellemegine görä, deputatlar öz saýlawçylarynyň adyndan jogapkärçilikli çözgüt kabul ederler. Ýurtda 2020-nji ýylda Konstitusiýa girizilen üýtgeşmä görä, Döwlet Dumasy ilkinji gezek häzirki zaman Russiýanyň taryhynda ýurduň hökümet düzümini tassyklar. Hökümetiň Başlygy, onuň orunbasarlary, federal ministrler deputatlaryň öňünde özüniň täze wezipede nähili işlejekdigi barada hasabatlar bererler.
58 ýaşyndaky Mihail Mişustin 2020-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ýurduň Hökümetiniň Başlygy wezipesini alyp bardy. Ozalky Federal salgyt gullugynyň başlygy bolan Mihail Mişustin premýer-ministr wezipesini Dmitriý Medwedewden kabul edip alypdy.
Prezident Putin martdaky saýlawlarda ýeňiji bolandan soňra 7-nji maýda wezipesine girişipdi. Kanuna laýyklykda Mihail Mişustiniň ýolbaşçylyk edýän hökümet işini bes edipdi.
Duma Prezident Putiniň premiýer-ministr wezipesine hödürlän dalaşgärini tassyklandan soňra Mişustin iki hepdäniň dowamynda hökümet başlygynyň orunbasarlaryna we ýerine ýetiriji ministrlerine teklip edilýän adamlaryň sanawyny Döwlet Dumasyna bermeli bolar. Şeýlelikde bu wezipeler hem Döwlet Dumasynda tassyklanmaly bolar.
Prezident Putin daşary işler, goranmak, adalat, adatdan daşary ýagdaýlar we içer işler ministrlerini, Parlamentiň ýokarky parlamenti bolan Federal Geňeşi bilen maslahatlaşyp, Döwlet Dumasynyň tassyklamasy bolmazdan wezipä bellär. Kanuna görä, täze hökümet 20-nji maýa çenli tassyklanar.