«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede birnäçe dabaraly çäreler, maslahatlar geçiriler. 17-nji maýda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolar.
Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli işler ýerine ýetirilýär. Çäräniň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlaryny, ýadygärlige gül goýmak çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini, baýramçylyk feýerwerkini guramak göz öňünde tutulýar. Dabara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçiriljek halkara maslahata hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Bu barada 10-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.