27-nji oktýabrda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan sammite myhman hökmünde gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekiliýetine Türkmenistanyň döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar tebigy gazyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ornuny hem-de bu ýangyjyň dünýä bazarlaryna ygtybarly iberilmegini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri bolan Türkmenistan, känleri jogapkärli özleşdirmegi, döwrebap infrastrukturany, gazy gaýtadan işlemegi, nebitgazhimiýa önümçiligini, tehnologik innowasiýalaryny we durnukly ykdysady ösüşi utgaşdyrýan deňagramly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty üstünlikli amala aşyrýar.
Önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly giň halkara hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikleri döretmek Türkmenistanyň uzak möhletleýin energetika strategiýasynyň esasyny düzýär.
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitiniň jemleri boýunça Moskwa jarnamasy kabul edildi.