Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabryndan 20-nji sentýabry aralygynda Kuala-Lumpurda 20-nji Malaýziýa Halkara Halal Sergisiniň (MIHAS 2024) geçirilýändigini habar berýär.
MIHAS dürli pudaklara degişli halal önümleri we hyzmatlary öz içine alýan halkara we ýerli kompaniýalaryň öz mümkinçiliklerini görkezilişe çykarmaklary üçin niýetlenen öňdebaryjy platformadyr. Hususan-da, onda şu aşakdaky ugurlar boýunça önümler we hyzmatlar hödürlenilýär:
Azyk önümleri we içgiler
Derman serişdeleri
Lukmançylyk enjamlary
Maliýe
Moda
Şahsy arassaçylyk we kosmetika serişdeleri
«Ýaşyl» tehnologiýalar
Yslam syýahatçylygy
Şeýle hem serginiň çäklerinde halal önümçilik senagatynyň häzirki meselelerini ara alnyp maslahatlaşmak üçin 20-nji MIHAS halkara maslahaty hem geçiriler. Şeýle-de Malaýziýanyň Daşary söwdany ösdürmek korporasiýasy hem-de Malaýziýanyň Milli söwdany ösdürmek gullugy tarapyndan Halkara üpjün edijileri gözleg maksatnamasy hem guralar.
Sergä gatnaşmak üçin isleg bildirýän türkmen hususyýetçileri Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna ýüz tutup bilerler. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 468421 / +993 12 468422.
Elektron poçtasynyň salgysy: mwashgabat@kin.gov.my.
Çeşme: tstb.gov.tm