Fransiýaly super ýyldyz Kilian Mbappe häzirki kluby PSŽ-den gidýändigini sosial mediasyna goýan wideo-roligi arkaly habar berdi. Ol şol wideoda: – Pari Sen-Žermenden gidýändigimi hemmäniň bilmegini isleýärin. Bu klubuda oýnamak meniň üçin uly buýsançdy. Fransiýadan hem-de “Ligue 1”-den gidýändigimi aýan etmegiň maňa kyn düşjer öýdemokdym. Ýöne maňa täze başdan geçirmeler gerek. Hemmelere öz minnetdarlygymy bildirýärin – diýip, çykyş etdi.

2017-nji ýyldan bäri PSŽ-de oýnap gelýän 24 ýaşyndaky Mbappe bu klubda 306 duşuşykda 255 gezek tapawutlandy (108 asist etdi). Ol PSŽ bilen “Ligue 1”-de 7 çempionlyk gazanyp, Fransiýanyň Kubogynda 3, Fransiýanyň Liga Kubogynda 2, Fransiýanyň Super Kubogynda-da 3 sapar ýeňiji boldy. Kilian Mbappeniň “Real Madridiň” düzümine goşulmagyna garaşylýar. Bu baradaky resmi habar Çempionlar Ligasynyň finalyndan soň äşgär diýlip çaklanylýar.