Hytaýyň “Didiok Makings” kompaniýasynyň inženerleri “TY-3R Flying Lifebooy” atly dronpisind halas ediş halkasyny ýasadylar. Ol az wagtyň içinde gark bolup barýan adamyň dadyna ýetişýär. Täze enjam kwadrokopter bilen adaty halas ediş halkasynyň gibridi görnüşindedir.
Uzak aralykdan dolandyrylýan dron halas ediş işlerinden soň, ilki uçan ýerine awtomatiki usulda gaýdyp gelýär. Eýýäm öňünden sargyt edip bolýan bu dronuň bahasy 11 müň 803 dollar.