1973-nji ýylyň 14-nji maýynda ABŞ-nyň ilkinji kosmos bekedi bolan “Skylab” uçurylýar. Kosmos bekedinde astronawtlaryň işlemegi, dynç almagy üçin otag, kosmos obserwatoriýasy (Apollo Telescope Mount) we Ýeri hem-de kosmos giňişligini öwrenmek üçin dürli enjamlar bardy. Bu taslama ABŞ-nyň häzire çenli ýeke özüniň amala aşyran ýeke-täk kosmos bekedidir. NASA ondan soňky kosmos beketlerinde Sowet Soýuzy, soňra bolsa Russiýa we beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etdi. “Skylab” kosmos bekedine “Skylab 2”, “Skylab 3” we “Skylab 4” atly üç uçyş amala aşyrylyp, olaryň hersinde üç astronawt kosmos bekedine çykýar. Kosmos bekedi 24 hepdeden soňra, 1974-nji ýylyň fewralyna çenli işleýär.

Suratda: Kosmos bekedine soňky sapary amala aşyran “Skylab 4” kosmos gämisinden Ýere gaýdyp gelýän wagty alnan soňky surat.