Tramp işewürler bilen Pekine bardy

12

Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekine üç günlük döwlet sapary bilen bardy. Ak Tamyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, belent mertebeli myhmanyň uçary Pekiniň «Şoudu» halkara howa menzilinde gondy. Bu sapar Donald Trampyň 2017-nji ýyldan bäri Hytaýa amala aşyrýan ilkinji döwlet sapary bolup, amerikan wekiliýetiniň düzüminde “Nvidia”, “Tesla” we “Apple” ýaly dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem bar.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky esasy çäreler ertir – 14-nji maýda badalga alar. Şol gün ir bilen sagat 10:00-da Halk maslahatlarynyň uly zalynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçiriler. Gepleşikleriň gün tertibinde hytaý bazaryny amerikan kompaniýalary üçin “açmak”, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar, emeli aň ulgamyndaky bäsdeşlik we sebitara howpsuzlyk ýaly wajyp meseleler bar. Şeýle-de taraplar geçen ýylyň oktýabr aýynda gazanylan söwda ylalaşygynyň möhletini uzaltmagy we häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly şertlerde özara bähbitli çözgütleri tapmagy maksat edinýärler.
Saparyň jemleýji güni bolan 15-nji maýda bolsa iki ýurduň liderleriniň surata düşmek dabarasy, bilelikdäki çaý başyndaky söhbetdeşligi we ikitaraplaýyn agşam nahary meýilleşdirilýär. Hytaýyň paýtagtynda giň gerimli taýýarlyk işleri görülýän bu sammitiň netijeleri halkara söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygyny üpjün etmekde möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirilýär. Döwlet saparynyň meýilnamasy doly berjaý edilenden soňra, Donald Tramp Waşingtona ugrar.