Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurdymyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda neşirýat ulgamy hem
düýpli ösýär. Döwür bilen aýakdaş barýan ýurdymyzyň neşirýat
ulgamynda ýetilýän sepgitler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda
çap edilýän islendik-gazet-žurnallary diňe bir kagyz görnüşinde däl,
eýsem, ykjam el telefonlaryň, kompýuterleriň üsti bilen okamak,
gündelik täzelikler bilen dessine tanyşmak mümkin. Ýurdumyzda çap
edilýän beýleki gazet-žurnallar bilen bir hatarda “Zaman-Türkmenistan”
gazetiniň hem okyjylarynyň köpdügini aýratyn bellemek gerek. Çünki
gazet sahypalarynda, elektron saýtlarynda diňe bir ýurdumyzdaky däl,
eýsem, dünýädäki täzelikler hem giňden beýan edilýär. Gazetiň habarlar,
dünýä täzelikleri, sport, sungat, syýahatçylyk, çagalar, ykdysadyýet,
edebiýat ýaly bölümlerinde gyzykly makalalar, habarlar bilen tanyşmak
mümkin. Şeýle hem gazetde peýdaly maslahatlar, çagalar üçin dürli
oýunlar, krasswordlar, skanwordlar yzgiderli çap edilýär. Munuň özi her
bir okyjynyň boş wagtlaryny gyzykly, mazmunly geçirmäge uly
mümkinçilik berýär. Şu günler dowam edýän 2024-nji ýylyň II ýarym
ýyly üçin abuna ýazylyşygyna Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň
işgärleri, işjeň agzalary hem uly höwes bilen ýazylýarlar. Ähli
watandaşlarymyzy hem “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň elektron we
çap edilýän görnüşine 2024-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin abuna
ýazylmaga çagyrýarys. Çünki gazetiň elektron we çap edilýän
görnüşlerini okasaňyz boş wagtyňyz manyly, gyzykly geçer. 2024-nji
ýylyň II ýarymy üçin elektron abuna ýazylyşygyna el telefonlaryň üsti
bilen hem abuna ýazylmak mümkin. Bu bolsa biziň her birimiziň
wagtymyzy tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Gülhumar HOJAHMETOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.