Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň çäginde erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň, hereket etmeginiň hukuk, ykdysady hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny aýratyn ähmiýete eýedir. Kanunda erkin ykdysady zolagyň çäklerinde salgyt salmagyň, pul, gümrük taýdan düzgünleşdirmegiň ýeňillikli şertleri bellenilip, ol ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmäge, goşmaça iş ýerlerini döretmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendir.
Kiota Konwensiýasyna (1973-nji ýyl) laýyklykda, erkin ykdysady zolak diýlip, çäklerinde harytlara milli gümrük çäklerinden daşardaky obýektler hökmünde seredilmeýän ýurduň çägindäki zolaga düşünilýär we şonuň üçin-de olara adaty gümrükhana barlagy geçirilmeýär, gümrük salgydy salynmaýar. Erkin ykdysady zolak telekeçilik işiniň ösmegine giň mümkinçilik döredýär. Erkin ykdysady zolagyň çäklerinde aýratyn hukuk düzgüni ýola goýulýan, anyk kesgitlenen dolandyryş çägi bolan, ýörite bölünip berlen çäkdir. Onuň çäklerinde maýa goýum we telekeçilik işini alyp barmagyň aýratyn hukuk düzgünleri ýola goýulýar. Onuň aýratynlyklary şeýle zolakda salgyt salynmagynyň, pul, gümrük taýdan düzgünleşdirmegiň ýeňillikli tertibiniň we şertleriniň barlygyndadyr. Fiziki şahslaryň gelmeginiň, ol ýerde bolmagynyň we gitmeginiň, zähmet gatnaşyklarynyň, maliýe-karz işiniň ýönekeýleşdirilen tertibi bilen baglanyşykly aýratyn hukuk düzgüniniň hereket edýänligidir. Dünýä ýurtlarynyň ösüşleriniň tejribelerinde synagdan geçen bu düzgün ýurduň käbir sebitiniň ýa-da çäginiň ösdürilmegi, raýatlar üçin goşmaça girdeji çeşmeleriň döredilmegi üçin amatly bolup durýar. Şeýle zolakda täze ylmy gazananlara we innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ornaşdyrylmagy, hususy pudagyň giň mümkinçilikleriniň has doly peýdalanylmagy, içerki we daşary ýurt maýa goýujylaryň çekilmegi üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Şypahanalaryň, rekreasion zolaklaryň, bejeriş-sagaldyş ýerleriniň, goraghanalaryň binýadynda olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen döredilýän bejeriş-sagaldyş we syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek boýunça halkara (sebit) merkezi bolup durýan syýahatçylyk erkin ykdysady zolagy barada aýratynlykda beýan edildi.
Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda halk köpçüligine gowşan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýurdumyzyň ýerleşýän amatly geografik ýagdaýy, ýol-ulag we üstaşyr geçelge mümkinçilikleri hakynda giňden gürrüň berilýär.
Häzirki zaman dünýä tejribesinde erkin ykdysady zolaklaryň 25-den gowrak görnüşi bar. Şeýle zolaklar bir, iki ýa-da birnäçe ýurduň çäklerinde döredilýär. Dünýäde erkin ykdysady zolaklar giňden ýaýrandyr. Türkmenistanda degişli kanunçylyga laýyklykda, erkin ykdysady zolagyň döwletiň eýeçiliginde duran ätiýaçlyk ýerlerde ýa-da gaýry ýer böleklerinde döredilip bilinmegi göz öňünde tutuldy. Erkin ykdysady zolak 40 ýyldan ýokary geçmeýän möhlete döredilýär hem-de hereket eden döwründe garaşylýan netijäni beren halatynda, soňra möhletiniň ýene-de uzaldylyp bilinmegi bellenilýär.
Erkin ykdysady zolagyny administratiw taýdan dolandyrmak wezipesini amala aşyrýan komitet erkin ykdysady zolaklaryň ösdürilmeginiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, erkin ykdysady zolaklaryň netijeli hereket etmegini we bitewüligini üpjün etmek, erkin ykdysady zolaklaryň infrastrukturasynyň ösdürilmegine ýerli we daşary ýurt maýa goýumlarynyň hem-de beýleki serişdeleriň çekilmegi üçin zerur şertleri döretmek, erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde ýerleşýän gozgalýan we gozgalmaýan emlägi dolandyrmak boýunça wezipeleri amala aşyrar.
Döwlet tarapyndan erkin ykdysady zolagynyň gatnaşyjylaryna erkin ykdysady zolagynyň çäklerinde maýa goýum we telekeçilik işleriniň ýöredilmegine şertleriň durnuklylygynyň kepillendirilýändigi kanunda bellenilendir.
Erkin ykdysady zolagyň çäklerinde erkin ykdysady zolaklarynyň gatnaşyjylary tarapyndan amala aşyrylýan harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek, bu zolagyň gatnaşyjylary bolan edara görnüşli taraplaryň emläkleri, gazanan peýdalary, şeýle hem erkin ykdysady zolaklaryň gatnaşyjylary bolan fiziki şahslar – hususy telekeçileriň girdejileri babatynda degişli salgyt ýeňillikleri göz öňünde tutulýar.
Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Hormatly Prezidentimiz hususy telekeçilik pudagynyň ösmegine yzygiderli goldawlar berýär. Täze Kanun hem ýurdumyzyň sebitleriniň ösdürilmegine, goşmaça iş ýerleriniň döredilmegine, telekeçilik işleri bilen meşgullanýan taraplaryň we maýa goýujylaryň hukuk kepillikleriniň pugtalandyrylmagyna, kiçi önümçilikleriň işe girizilmegine, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň ýokarlanmagyna oňyn şertleri döreder. Ýurdumyzyň sebitleriniň geoykdysady taýdan amatly ýerleşiş aýratynlyklaryndan ugur almak bilen, aýry-aýry çäkleriň we sebitleriň ykdysady taýdan ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde goşmaça mümkinçilikleri döretmäge ýardam eder.
Milli ykdysadyýetiň ösüşine depginli itergi berjek çözgüdiň kanunçylyk binýadynyň döredilmegi Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligini artdyrmaga, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna has-da işjeň goşulmagyna ýardam berer.
Şemşat KLIÇOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.