Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen daşky gurşawy goramak, çogly güneşe baý topragymyzyň müň dürli öwüşginli tebigatyny goramak, ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyzy aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak babatda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ekologiýa syýasaty babatda alnyp barylýan ählihalk işiniň özeninde adamlaryň daşky gurşaw bilen arasyndaky sazlaşygy emele getirmek, netijede raýatlaryň arassa howa şertlerinde uzak ömür sürmegini gazanmak maksady goýlandyr.
Haktagala türkmen topragyna gözel tebigaty bagyş edipdir. Ýurdumyzyň dagdyr düzlerinde bitýän ösümlikler, saýaly we miweli agaçlar, ene ýeriň göwsüni gülzarlyga öwürýän deňiz-derýalar we köller, daglardan, çöllerden öwüsýän jana şypa beriji howa – bularyň ählisi tebigatyň ynsana eçilen ümmülmez baýlygy hökmünde durmuşymyz bilen badaşýar. Türkmenler ata-baba gelýän durmuş ýörelgesine laýyklykda, tebigatyň hiç bir zadynyň kemelmegine ýol bermändirler. Agaç ekmek, akar ýaba, suwa eşrepi ýaly garamak asyrlaryň dowamynda durmuş kadasyna öwrülipdir. Ata-babalarymyz nesillere bu ýörelgäni üýtgewsiz dowam etdirmegi ündew edipdirler. Şonuň üçin pederlerimiziň iň gowy däpleriniň, durmuş ýörelgeleriniň rowaç alýan häzirki döwründe bu işler üstünlikli dowam etdirilýär. Muny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda geçirilýän ählihalk ýowary netijesinde köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak, düzleri-çölleri gülzarlyga öwürmek üçin gurulýan köller, raýatlarymyzy süýji agyz suwy bilen üpjün etmek üçin suw süýjediji desgalary işe girizmek işleri aýdyň görkezýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy talabalaýyk goramak babatda kanunçylyk namalary hereket edýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Sanitariýa Kodeksini, Tokaý Kodeksini, “Syýahatçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Suw Kodeksini we beýleki birnäçe kanunçylyk namalaryny görkezmek bolar. Bu çözgütler ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek, Watanymyzyň tokaý baýlyklaryny goramak, köpeltmek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, ýerli we daşary ýurtly jahankeşdelerde aýratyn uly gyzyklanma döredýän ýurdumyzyň gözel tebigatyna, täsin tebigy ýadygärliklerine ekologiýa syýahatçylygyny guramaga, zerur ähmiýete eýe bolan suwdan rejeli peýdalanmak ýaly derwaýys meseleleri düzgünleşdirýär.
Milli Liderimiziň ekologiýa abadançylygy babatdaky halkara başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden taryhy çykyşlaryndan gözbaş alýar. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň belent münberinde eden her bir taryhy çykyşy we öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşiginde uly goldawa eýe bolýar. Milli Liderimiziň Orta Aziýa we Hazar deňzi sebitinde howanyň we topragyň hapalanmagyny göz öňünde tutup, bu ýagdaýy gözegçilikde saklamak üçin, BMG bilen hyzmatdaşlykda ýörite sebitara merkezi döretmegi teklip etmegi hem-de bu derwaýys teklibiň uly goldawa eýe bolmagy aýdylanlara aýdyň mysaldyr.
Howa arassalygy – ekologiýa abadançylygynyň baş şertidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly Konwensiýasynyň, Çölleşmäge garşy göreş, Biologik dürlülik, Ozon gatlagyny goramak, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna we çykarylyşyna gözegçilik etmek baradaky Konwensiýalaryň we beýleki köpsanly halkara ylalaşyklaryň çäklerinde derwaýys ekologiýa meselelerini çözmek babatda möhüm ähmiýeti bolan maksatnamalary durmuşa geçirýär.
Mälim bolşy ýaly, Araly halas etmek meselesi häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň biridir. Bu mesele babatda hem ýurdumyz netijeli işleri durmuşa geçirýär. “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi Aralýaka sebitde ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna, uzaklara ýaýylyp gidýän oba hojalygy üçin ekin ýerleriniň köpelmegine, maldarçylygyň, balykçylygyň, guşçulyk pudagynyň artmagyna, bol ot-iýmli öri meýdan ýerleriniň geriminiň giňemegine ýardam edýär.
“Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyna laýyklykda, tebigatymyzy goramak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki, tebigaty goramak – sagdyn durmuşyň, uzak ömre dahylly bolmagyň şertidir.
Aýyt ANNAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.