Ýa­pon di­li­ni öw­ren­mek yk­dy­sa­dy­ýet­de bol­şy ýa­ly, bi­lim ug­ry bo­ýun­ça-da Türk­me­nis­ta­nyň hem-de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­bat­da he­mi­şe öň­de­ba­ry­jy bo­lan “Gü­nüň dog­ýan” ýur­du­nyň uzak­ möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­ýil­na­ma­sy bi­len şert­le­nen­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şol hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýär. Ýa­pon di­li­ni öw­ren­mek beý­le­ki­le­re el­ýe­ter­li bol­ma­dyk mag­lu­mat­la­ryň ägirt uly gi­ňiş­li­gi­ne ýol aç­ýar. Dün­ýä­de ABŞ-dan soň, Ýa­po­ni­ýa iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça ikin­ji or­ny eýe­le­ýär. Mun­dan baş­ga-da, in­ter­net­de ýa­pon di­li – iň­lis we hy­taý di­lin­den soň iň meş­hu­ry­dyr. Şu günki günde Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­tin­de kä­bir hü­när­ler bo­ýun­ça okuw ders­le­ri ýa­pon di­lin­de oka­dyl­ýar, şeýle hem, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili hünäri bar. Gö­zel paý­tag­ty­myz­da Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi­ne taý­ýar­ly­gyň gi­di­şin­de meý­le­tin­çi ta­lyp­la­ry­myz ýa­pon di­li­ni öw­ren­mek­li­ge aý­ra­tyn üns ber­di­ler. Çün­ki, Ýa­po­ni­ýa bu oýun­la­ra iň köp tür­gen we tä­lim­çi ýol­lan ýurt­laryň biridir.
Şu ýy­lyň 10-12-nji no­ýab­ryn­da Ýa­po­ni­ýa­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Bu me­de­ni çä­re türk­men sun­ga­ty­ny, hal­ky­my­zyň däp-des­sur­la­ry­ny hem-de baý mil­li mi­ra­sy­ny, Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki dö­wür­de ýe­ten de­re­je­si­ni giň­den be­ýan et­di.
Ýa­pon di­li ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, ol Ýa­po­ni­ýa­nyň 126 mil­li­ondan gowrak ila­tynyň, şeý­le hem XX asy­ryň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ABŞ-a, Ga­waý ada­la­ryna, Bra­zi­li­ýa, Pe­ruwa, Hy­taýa, Ka­na­da, Ar­gen­ti­na, Mek­si­ka we beý­le­ki ýurt­la­ra gö­çüp gi­den ýa­pon­la­ryň ne­sil­le­ri­niň di­li­dir. Ýa­pon di­li­niň ga­ryn­daş­lyk ara­bag­la­ny­şyk­la­ry köp­den bä­ri je­del­li me­se­le bo­lup dur­ýar: bar­lag ge­çi­ri­ji­le­riň kö­pü­si ony al­taý dil­le­r maşgalasynyň – ko­reý, tun­gus-manç­žur, mon­gol we türk dil­le­ri­ne go­laý ha­sap­la­ýar­lar. Onuň awst­ro­ne­zik (ma­laý – po­li­nez) dil­le­ri­ne go­laý­ly­gy ba­ra­da-da çak­la­ma­lar bar, gör­nü­şi­ne gö­rä, bu dil­ler bi­len meň­zeş­lik ga­dy­my ara­gat­na­şyk­lar bi­len şert­le­nen­dir. Ýa­pon di­li ta­ryh­da ep-es­li de­re­je­de hy­taý di­li­niň tä­si­ri­ne dü­şüp­dir, soň­ky ýyl­lar­da bolsa, ýa­pon­la­ryň dur­mu­şyn­da iň­lis di­lin­de gep­le­mek ösen­dir. Na­ra we Kio­to et­rap­la­ry ýa­pon me­de­ni­ýe­ti­niň mer­ke­zi bo­lup­dyr, To­ku­ga­wa (1603–1868) döw­rün­de ol Edo (hä­zir­ki To­kio) gö­çü­ril­ýär. XIX asy­ra çen­li VIII-XII asyr­la­ryň ki­oto köşk di­li­niň esa­syn­da ýü­ze çy­kan ede­bi dil ula­ny­lyp­dyr. XIX asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da To­kio­nyň gep­le­şik di­li­niň esa­syn­da, hä­zir­ki za­man ede­bi di­li ke­ma­la gel­ýär.
Ýa­pon di­li Rýuk­ýu ada­la­ry­nyň şi­we­le­rin­den baş­ga, dört şi­we zo­la­gy­na bö­lün­ýär: Gün­do­gar (To­kio et­rap­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar), Mer­ke­zi Hons­ýu, Gün­ba­tar Hons­ýu (Si­ko­ku­ny öz içi­ne al­ýar) we Kýus­ýu: Rýuk­ýu ada­la­ry­nyň şi­we­le­ri beý­le­ki şi­we­ler­den düýp­li ta­pa­wut­lan­ýar we bar­lag ge­çi­ri­ji­le­riň ag­la­ba­sy oňa öz­baş­dak dil hök­mün­de ga­ra­ýar. Ýa­pon ar­hi­pe­la­gy­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky ow­nuk ada­la­ryň umu­ny ady­ny Rýuk­ýu di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Ýa­pon­la­ryň ag­la­ba­sy gep­le­şik­de öz ýa­şa­ýan ýe­ri­niň şi­we ga­lyp­la­ry­ny ulan­ýar­lar, beý­le­ki şi­we­ler­de gür­le­ýän­ler bi­len bol­sa, ýa­pon ede­bi di­lin­de gür­leş­ýär­ler. Ýa­pon di­li­niň baý ede­bi­ýa­ty bo­lup, onuň ta­ry­hy 1200 ýyl diý­lip ha­sap­lan­ýar. 712-nji ýyl diý­lip se­ne­len­ýän Ono Ýa­su­ma­ro­nyň “Kod­zi­ki” at­ly ese­ri sak­la­nyp ga­lan il­kin­ji ýa­zuw ýa­dy­gär­li­gi ha­sap­lan­ýar.
Ýa­pon­ça la­tyn elip­bi­ýi­ni na­za­ra al­ma­nyň­da, iki gör­nüş­li ýa­zuw bar. Bi­rin­ji gör­nü­şi VI – VIII asyr­lar­da Hy­taý­dan ge­çen ie­rog­lif­ler­dir. Ola­ryň muk­da­ry bir­nä­çe mü­ňe ýet­ýär, ýö­ne hä­zir­ki za­man ýa­zu­wyn­da di­ňe 3 müň tö­we­re­gi ie­rog­lif ula­nyl­ýar. Ikin­ji gör­nü­şi bol­sa, fo­ne­ti­ki ýa­zuw bo­lup, onuň äh­li gör­nü­şi­niň umu­my ady “Ka­na” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ka­na­nyň “hi­ra­ga­na” we “ka­ta­ka­na” at­ly iki gör­nü­şi bo­lup, bi­ri-bi­rin­den ga­raş­syz ýag­daý­da IX-X asyr­lar­da ýü­ze çy­kyp­dyr­lar.
Ýa­pon di­li­niň ki­tap di­li gep­le­şik di­lin­den düýp­li ta­pa­wut­lan­ýar. Di­liň ki­tap gör­nü­şi­niň gep­le­şi­gin­de we dürs ýa­zu­wyn­da ga­dy­my ede­bi dil­den ge­çen söz­ler we ga­lyp­lar gö­ze il­ýär. Ýa­po­ni­ýa­da öz dil­le­ri­ni öw­ren­me­giň bir­nä­çe asyr­lyk ta­ry­hy bar, ha­ky­kat­da Ýa­po­ni­ýa­da XVII asy­ryň ahyr­la­ryn­dan XIX asy­ryň or­ta­la­ry­na çen­li mil­li ling­wis­tik däp-des­sur­lar özü­niň ösü­şi­niň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne ba­ryp ýet­ýär. Bu däp­ler XIX-XX asyr­la­ryň çäk­le­rin­de Ýew­ro­pa bi­len ara­gat­na­şy­ga gir­ýär. Ýew­ro­pa­ly­la­ryň ýa­pon di­li bi­len il­kin­ji ta­nyş­ly­gy XVI asy­ryň ahyr­la­ryn­da we XVII asy­ryň baş­la­ryn­da bo­lup geç­ýär. Şol dö­wür­de ýurt­da por­tu­gal­lar ta­ra­pyn­dan il­kin­ji söz­lük (1595, 1603) we ýa­pon di­li­niň gram­ma­ti­ka­sy (Ž.Rod­ri­giş, 1604) dö­re­dil­ýär.
Şon­dan soň­ra, bu söz­lük­ler iki asyr­dan gow­rak soň, 1860-njy ýyl­­da tä­ze­le­nip, Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň dür­li alym­la­ry ta­ra­pyn­dan köp san­ly ýa­pon dürs ýa­zuw­la­ry peý­da bol­ýar. Şol dö­wür­de Ýaponiýada S.Su­ru­mi­ne tara­pyn­dan (1833) gol­lan­d nusgasy bo­ýun­ça ýa­zy­lan gram­ma­ti­ka peý­da bol­ýar.
XX asyr­da Gün­ba­tar­da tä­ze ling­wis­tik ug­ruň ýü­ze çyk­ma­gy­ ne­ti­je­sin­de, ýa­pon di­li B. Blok, R.E.Mil­ler, S.Mar­tin ýa­ly ame­ri­kan dil­çi­le­ri­niň üns mer­ke­zin­de bol­ýar. Na­za­ry­ýet­de ýa­pon dil­çi­le­ri S.Ha­si­mo­to, M.To­kie­da, S.Hat­to­ri, şeý­le hem ame­ri­kan dil­çi­le­ri S.Ku­no, S.Ku­ro­da, M.Si­ba­ta­ni we beý­le­ki­ler ta­ra­pyn­dan aý­dyň ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Dil bi­li­mi­niň we so­sio­lo­gi­ýa­nyň ta­ry­hyn­da 1940-1950-nji ýyl­la­ryň çäk­le­rin­de esas­lan­dy­ry­lan ýa­pon Dil mek­de­bi aý­ra­tyn yz gal­dyr­ýar. Ýa­pon di­li­niň gur­lu­şy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny dü­şün­dir­mek­de Ç.Fill­mor, Ž.Mak­ko­li, A.A.Ho­lo­do­wiç, U.Çeýf ýa­ly dil­çi­ler uly iş bi­tir­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da ýa­pon di­li ösen ugur­la­ryň bi­ri bo­lup, onuň dün­ýä de­re­je­sin­de ös­me­gi­ne bu ýur­duň dün­ýä­dä­ki ýo­ka­ry yk­dy­sa­dy­ýe­ti uly ýar­dam ber­ýär.

Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew,
“Za­man – Türk­me­nis­tan”.