Filippinler Respublikasynyň paýtagty Manila şäherinde Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasynyň (ASEAN) döredilenine 50 ýyl dolýandygy üçin ýubileý sammiti geçirildi. Bu gezekki ýokary derejeli maslahatyň esasy mowzugy “Guralyň, guralyň, guralyň! Geljek üçin ösen infrastrukturany döredeliň!” boldy.
ASEAN – syýasy, ykdysady we medeni sebit guramasydyr. Onuň düzüminde 10 ýurt bolup, olar: Bruneý Soltanlygy, Wýetnam, Indoneziýa, Kamboja, Laos, Malaýziýa, Mýanma, Singapur, Tailand we Filippinlerdir. 1967-nji ýylyň 8-nji awgustynda Bangkok şäherinde gol çekilen “Bangkok jarnamasy” ýa-da “ASEAN jarnamasy” esasynda döredildi. 640 million ilatly ASEAN dünýäniň 6-njy, Aziýanyň 3-nji uly ykdysadyýetine eýedir. 2050-nji ýylda dünýäniň 4-nji ykdysadyýetine eýe bolmagy maksat edinýär.
Manila şäherindäki ASEAN-yň 31-nji sammitine 19 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşdy. Sammit barada çykyş eden Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Duterte 2 günlük sammitiň çäklerinde, esasan hem, agza we hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny mälim etdi.
Bu ýokary derejeli maslahata ASEAN-yň düzümine girýän ýurtlardan başga-da, bu gurama bilen hyzmatdaşlyk edýän döwletleriň ýolbaşçylary hem gatnaşdy. Olaryň hatarynda birnäçe günden bäri Aziýada saparda bolýan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan, Russiýanyň, Ýaponiýanyň, Kanadanyň, Hindistanyň, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň Premýer-ministrleri degişlilikde Dmitriý Medwedew, Sindzo Abe, Jastin Trudo, Narendra Modi, Jasinta Ardern we Malkolm Ternbull, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş bar.
ASEAN-yň ýokary derejeli ýygnaklary bahar we güýz pasyllarynda bolup geçýär. Güýz paslyndaky jemleýji sammitde diňe gurama agza ýurtlarynyň däl-de, eýsem, halkara derejesindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Onuň çäklerinde ASEAN işewürler maslahaty we beýleki ýygnaklar geçirilýär. Olar 10-14-nji noýabr aralygynda bolup geçýär.
Sammitiň çäklerinde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylary bilelikde surata düşdüler we şol dabarada olar Filippinleriň milli eşigi bolan “barong tagalog” köýnegini geýdiler. Ol ananas ýapragynyň ýüplüginden tikilýär.
Ýokary derejeli ýygnagyň çäklerinde köp sanly duşuşyklar boldy. Russiýa, Hytaý hem-de ABŞ bu gurama agza ýurtlar bilen ysnyşykly we özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga ähmiýet berýär. “Financial Times” neşiriniň maglumatyna görä, 2016-njy ýylda gurama agza ýurtlaryň jemi içerki önüminiň möçberi 2,5 trillion dollara deň boldy. Şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depgini 4,5 göterim töweregi bolup, okgunly ösüşe eýedir. Russiýa bilen ASEAN-yň arasyndaky haryt dolanyşygy 15 milliard dollara golaýlar, rus tarapy bu görkezijini has ýokary derejelere çykarmak isleýär. Şonuň üçin diňe dürli harytlary eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem, infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge, hususan-da howa menzilleri, deňiz terminallary, demir hem-de gara ýollary, turba geçirijileri, ýokary tizlikli aragatnaşyk geçirijilerini gurmagy göz öňünde tutýar.