Düýn – 19-njy maýda Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen iki ýurduň serhedindäki suw howdanlarynyň açylyşyna gatnaşandan soňra yzyna dolanýan wagty, dikuçary kynçylykly gonupdy. Bu hadysadan soňra dürli ýurtlar şol sanda Türkmenistan zerur kömegi berip biljekdiklerini eýran tarapyna mälim edipdiler. Ýewropa Bileleşiginiň Töwekgelçilikleri dolandyryş we ynsanperwer ýardamlardan jogapkär komissary Ýanez Lenarçiç bolsa Eýranyň kömek sorandygyny aýdyp, içinde ýurduň prezidentiniň we daşary işler ministriniň bolan dikuçarynyň kynçylykly gonmagy sebäpli Ýewropanyň Kopernik adyndaky gaýragoýulmasyz ýagdaýlary dolandyryş gullugyna degişli kartalaşdyryş hyzmatyny işe girizendiklerini aýdypdy.
Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen hadysada türk pilotsyz uçary (dron) arkaly gözleg işleri amala aşyrylyp, wakanyň bolan ýeri anyklandy. Halas ediji toparlar wakanyň bolan ýerine baryp, dikuçardaky ähli ýolagçynyň wepat bolandygyny anykladylar. Eýranly ygtyýarlylar dikuçarda ýurduň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen daşary işler ministri Hüseýin Abdullahiýanyň, Gündogar Azerbaýjanyň häkimi Malik Rahmetiniň we beýleki adamlaryň hem bardygyny mälim etdiler.
Eýranly häkimiýetler daglyk ýerde bolan hadysada gözleg-halas ediş işleriniň kynçylykly howa-geografik şertlerde alnyp barylýandygyny malim etdiler.
Ýurduň dini lideri Aýetolla Ali Hamaneý ýurduň işlerinde hiç hili bökdençligiň bolmajakdygyny aýtdy.
Bu barada Eýranyň IRNA habarlar agentligi habar berýär.