Köp ýyldan bäri Hytaý Germaniýanyň iň uly söwda hyzmatdaşy hasaplanýar. Şu ýylyň birinji çärýeginde Ýewropanyň ykdysady we senagat taýdan iň ösen ýurdunyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda ABŞ öňdeligi eýeledi. Üç aýyň dowamynda Germaniýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda dolanyşygy 63,2 milliard ýewro bolupdyr. Bu görkeziji Hytaý bilen 60 milliard ýewro bolupdyr. Germaniýanyň Federal statistika edarasynyň (Destatis) maglumatyna görä, Germaniýanyň Hytaýdan import edýän harytlarynyň möçberi azalansoň, Hytaý söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda ikinji orna düşüpdir. Germaniýanyň Hytaýdan importy 11,7 göterim azalyp, 36 milliard Ýewro bolupdyr. Germaniýadan Hytaýa eksport edilen harytlaryň möçberi bolsa, 1,1 göterim azalyp, 24 milliard ýewro bolupdyr.
Ýylyň birinji çärýeginde Germaniýa umumy gymmaty 331,2 milliard ýewro bolan haryt import edipdir. Import harytlarynyň 10,9 göterimlik bölegi Hytaýa degişli bolup, ýurt Germaniýanyň iň uly haryt üpjünçidi bolmagynda galypdyr. Bu ugurda Niderlandlar 7,6 göterim bilen ikinji, ABŞ 7 göterim bilen üçünji bolupdyr.
Ogulsenem Owlýakulowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.