Awstriýanyň çempionaty “Bundesligada” çempion soňky tapgyrda bolup, Gras şäheriniň “Şturm” topary “Red Bull Salsburgyň” 10 ýyllyk çempionlygyny soňlandyrdy. Çempionaty “Red Bull Salsburgdan” 2 utuk öňde tamamlan “Şturm Gras” topary 13 ýyldan soň 4-nji çempionlygyny baýram etdi. Gras şäheriniň wekili mundan öň 1998-nji, 1999-njy hem-de 2011-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy. “Şturm Gras” topary täze möwsümde UEFA Çempionlar Ligasyna gönümel gatnaşar. “Şturm Gras” topary soňky gezek 2000/01 möwsüminde, ýagny 24 ýyl mundan ozal UEFA Çempionlar Ligasyna wekilçilik edipdi.

Awstriýanyň çempionaty “Bundesligada” paýtagt Wenanyň “Rapid” topary iň köp çempionlyk gazanan klubdur. “Rapid” toparynyň 32 çempionlygy bar. “Austria Wien” topary 24, “Red Bull Salsburg” 17 gezek çempion bolmagy başardy.