1762-nji ýylyň 22-nji maýynda Italiýanyň Rim şäherindäki Trewi çüwdürimi açylýar. Häzirki wagtda her ýylda italýan paýtagtyna barýan millionlarça adam bu çüwdürimi görmän gaýtmaýar. Dürli heýkeller bilen bezelen toplum Barok äheňinde gurlan dünýäniň iň meşhur desgalarynyň biridir. Çüwdürimiň taslamasyny binagär Nikola Salwi taýýarlaýar. Salwi 1751-nji ýylda aradan çykandan soňra desganyň gurluşyny binagär Juseppe Pannini we beýleki binagärler dowam etdirýärler we ulanmaga berýärler. Ini 19 metrden gowrak bolan çüwdürimiň beýikligi 26 metrden geçýär.
Bu suw desgasy aşyklaryň duşuşýan ýeri hem hasaplanýar. Bu ýerde suwa şaýy pul zyňmak däbi bar. Daş-töweregi hemişe köp adamly bolýan çüwdürime her günde ortaça 3 müň ýewro barabar bolan pul zyňylýar. Şeýlelikde ýylda 1,5 million ýewrodan gowrak pul ýygnalýar. Bu görkeziji syýahatçylyk şäherleriniň köp adamly desgalary hasaplanýan muzeýleriň hem käbirinden köpdür. Ýygnalan pul haýyr-sahawat gaznasyna berilýär.