Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary 27-nji maýda sagat 17:00-da geçiriljek Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde taýýarlamagynda «AŞGABAT» Söwda-dynç alyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek «Türkmenistan Watanym – bagtyýar çagalygyň mekany» atly aýdym-sazly baýramçylyk konsertine çagyrylýar.
Çagalar üçin geçiriljek konsertde aýdymlar, oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerden we multfilmlerinden sazlar, sorag-jogaplar bolar. Soraglara jogap beren çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşurylar.

***

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary 28-nji maýda ýylda sagat 17:00-da Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde taýýarlamagynda «Aşgabat» seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly aýdym-sazly baýramçylyk konsertine çagyrylýar.
Çagalar üçin geçiriljek konsertde aýdymlar, oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerden we multfilmlerinden sazlar, sorag-jogaplar bolar. Soraglara jogap beren çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşurylar.

***

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we paýtagtymyzyň myhmanlary 31-nji maýda 18:00-da Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde konserwatoriýanyň uly konsert zalynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek «Bagtyýar döwrüň çagalary» atly aýdym-sazly baýramçylyk konsertine çagyrylýar.
Çagalar üçin geçiriljek konsertde aýdymlar, oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerinden we multfilmlerinden sazlar, sorag-jogaplar bolar. Soraglara dogry jogap beren çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşurylar.