Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Milli maslahaty ýurduň täze Prezidentini saýlady. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berdi.
21-nji maýda Hanoýda 15-nji Milli maslahatyň ýedinji mejlisi geçirildi. Maslahatyň dowamynda 472 deputatdan 472-si döwlet Baştutany wezipesine Wýetnamyň dolandyryjy Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri, goşun generaly To Lamyň dalaşgärligini goldady.
Geçen hepde, Wýetnamyň 13-nji Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň 9-njy mejlisinde Hanoýda dolandyryjy partiýa ýurduň prezidentligine To Lamyň dalaşgärligini hödürledi. Wo Wan Thyong wezipesinden çekilenden soň, onuň wezipesini wise-prezident Wo Thi An Suan wagtlaýyn ýerine ýetirýärdi. Milli maslahatyň Wýetnamda ýurduň ýolbaşçylaryny wezipä bellemekde we çetleşdirmekde ygtyýary bolan iň ýokary edaradyr.
To Lam 1957-nji ýylyň 10-njy iýulynda dünýä indi. Ol dürli ýyllarda ýurduň döwlet howpsuzlyk edaralarynyň düzüminde ýolbaşçy wezipelerde işledi. 2009-njy ýylda Jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrliginiň ilkinji baş howpsuzlyk müdirliginiň başlygy wezipesine bellendi. 2010-njy ýylyň awgust aýynda jemgyýetçilik howpsuzlygy ministriniň orunbasary wezipesine bellendi we 2016-njy ýylyň aprelinde bolsa, bu edara ýolbaşçylyk etdi. 2019-njy ýylda To Lam goşun generaly derejesini aldy we Wýetnamyň döwlet howpsuzlyk edaralarynyň taryhynda bu ýokary harby derejä eýe bolan dördünji adam boldy. Şeýle hem ol Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş sekretary Nguen Fu Çong tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Korrupsiýa garşy dolandyryş komitetiniň başlygynyň orunbasary bolup işledi.
Wýetnam Sosialistik Respublikasy – Hindihytaý ýarym adasyndaky Günorta-Gündogar Aziýada bir döwletdir. Günbatarda Laos we Kamboja, demirgazykda Hytaý bilen serhetleşýär we gündogarda we günortada Günorta Hytaý deňzi bilen ýuwulýar. Maglumatlara görä, Wýetnamyň ilaty, takmynan, 100 milliondan gowrak adama deň.