Madagaskar adasy endemik jandarlaryň we ösümlikleriň ýaşaýan ýeri hökmünde tanalýar. Bu adada golaýda primatyň täze görnüşi tapyldy. “German Primate Center”-iň (Germaniýanyň primat merkezi), Kentuki uniwersitetiniň, “American Duke Lemur Center” ylmy merkeziniň we Madagaskardaky Antananariwo uniwersitetiniň alymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen barlagyň netijeleri barada “Molecular Ecology” neşirinde maglumat ýaýradyldy. Bu ýerden jemi üç görnüşli primat tapyldy. Adanyň günortasynda we gündogarynda bu jandarlaryň tapylmagy bilen olaryň görnüşleriniň sany 24-e ýetdi. Mundan bary-ýogy 20 ýyl ozal, gijesine gezmegi halaýan bu süýdemdirijiniň diňe 2 görnüşi bize mälimdi.
Ulurak syçana çalymdaş bu jandarlaryň hemme görnüşleri diýen ýaly bir-birine meňzeýär. Olaryň reňki goňur, gözleri uly bolýar. Olary diňe genetiki taýdan barlamak arkaly tapawutlandyryp bolýar. Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde, bu işler has ýeňilleşýär. Bu ylmy barlag topary mundan üç ýyl ozal, iki sany täze lemuruň üstüni açyp, olar barada maglumat ýaýradypdy. Adam aýagy sekmedik tokaýlara barylmagy bilen jandarlaryň täze görnüşleriniň tapylmagy dowam edýär. Bu jandarlaryň goralmagy üçin uly tagalla edilýär. Sebäbi bu jandarlar diňe gür tokaýlyklarda ýaşap bilýärler. Täze tapylan jandarlara “Microcebus ganzhorni”, “Microcebus manitatra” we “Microcebus boraha” atlary berildi.