Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar dynç almaga zerurlyk duýýarlar. Uky bedeniň doly dynç almagyna ýardam edýär. Eýsem, balyklar hem uklaýarmyka?! Akwariumda gören bolsak, balyklaryň gözlerini ýumup, uklap ýatanyny gören däldiris. Olar gijelerine ýuwaş hem bolsa hereket edýärler. Şol sebäpli, olaryň nädip uklaýandygy köp wagtlap alymlaryň ünsüni çekipdir. Balyklar gijesine dynç alýan mahaly olaryň bedenleri energiýany tygşytlaýar we rahatlanýar. Şol sebäpli, olaryň ukusy gury ýerde ýaşaýanlaryňkydan tapawutly bolýar. Gündizine hereket edip gezýän balyklar, gijesine öz duşmanlaryna aw bolmazlyk üçin dolulygyna uklamaýarlar hem-de daşlaryň we otlaryň arasynda gizlenýärler. Beýleki jandarlar ýaly balyklar hem gizlenen mahaly öz reňklerine meňzeş otlary saýlaýar. Şeýlelikde, olary otuň ýa-da daşlaryň arasyndan saýgarmak aňsat bolmaýar. Balyklaryň käbir görnüşi bolsa, gijesine hereket edip gündizine uklaýarlar. Akulalaryň käbir görnüşleri kislorod mukdary köp bolan suwda ýaşaýar. Olar suwda ýaşaýan beýleki jandarlardan has az uklaýar. Sebäbi olar kislorod almak üçin suw içmeli bolýarlar. Bu ýagdaý olaryň yzygiderli hereket etmegine getirýär. Muňa garamazdan, olar hem belli wagtlarda dynç alýarlar. Bu jandarlaryň käbir görnüşleri ummanyň düýbüne çümüp uzak wagtlap dynç alýar.