22-nji maýda paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerine ýetýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan syýasatyň esasy ugurlary demokratiýanyň, kanunyň, adalatlylygyň dabaralanýandygy bilen bagly bolup durýar. Şuňa laýyklykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça Konwensiýasyndan gelip çykýan öz üstüne alan ähli halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Döwlet derejesinde ilatyň saglygyny goramagyň işjeň syýasaty we strategiýasy «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy bolup durýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy uly ähmiýete eýedir. Kabul edilenine köp ýyl dolan bu maksatnama ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda wajyp ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Maksatnamanyň esasynda dünýä ylmynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi türkmen milli lukmançylygynyň esasy aýratynlyklarydyr.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkyň saglygynyň baş baýlyk hökmünde kesgitlenilmegi güneşli Diýarymyzda saglygy goraýyş syýasatyny döwlet dolandyryşyň umumy wezipesi hökmünde kanunlaşdyrmaga itergi berýär. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda lukmançylyk edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler oňyn netijelere beslenýär. Ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny ýola goýmak üçin dünýä derejesinde enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň, anyklaýyş-bejeriş edaralarynyň ýylyň-ýylyna gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde ata Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet taglymatynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynda ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan çagalar, ýaşlar, geljek baradaky alada jemgyýeti jebisleşdirmegiň, döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň, depginli ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Bu gaznanyň işiniň aýratynlyklary, elbetde, onuň Tertipnamasynda berkidilen. Ýöne gaznanyň maksatlaryndan gelip çykýan wezipeleriň düýp mazmuny barada pikirlensek, biz ýene bir hakykata göz ýetirýäris. Munuň özi türkmen halkynyň özboluşly ynsanperwer ýörelgelerinden gelip çykýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem ýeterlik serişdeleri bar» diýip bellemegi-de halkymyzyň ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerine eýermek bilen, ýurdumyzda hiç kimiň hossarsyz galmaýandygyny aýdyň äşgär edýär.
Häzirki wagta çenli bu merkeze ýüz tutan onlarça çaga degişli ugurlar boýunça toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergileri geçirildi. Bejergileriň oňyn netije berýändigini belläp, çagalaryň ene-atalary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyşlaryny aýdýarlar. Gaznanyň howandarlygynda çagalary terbiýelemek, olaryň ýörite orta, ýokary bilim almaklary, ýaşlaryň ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegi bilen bagly meseleler hem döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar.
Golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine üns çekilmegi bu haýyr-sahawat gaznasynyň işleriniň barha rowaçlanýandygyny görkezýär. Paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Gülsenem HANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.