Şweýsariýadaky CERN ylmy merkezinde zähmet çekýän hünärmenler atomasty täze ir bölejigi tapdyrlar. “The Independent” gazetiniň habaryna görä, köp wagtdan bäri nazaryýetde kabul edilýän, emma häzire çenli görülmedik barion görnüşiniň üsti açylandygy mälim edildi. Hünärmenler bu bariony häzire çenli has kiçi bölege bölünip bolmajak diýlip kesgitlenen, kwarklaryň 3 sanysynyň birleşmegi bilen emele gelen madda görnüşi diýip düşündirýärler. Ylmy tejribä gatnaşan Angliýanyň Oksford uniwersitetiniň fizigi Gaý Wilkinson 27 kilometrlik tonnelden emele gelen merkezde “Xicc++” atly bu maddany 1 sekuntlap görmäge mümkinçilik alandyklaryny aýtdy. Üsti açylan bölejigiň agramynyň 3 müň 621 megaelektron woltdugy aýdylýar. Bu bolsa, bölejigiň häzire çenli mälim bolan bariondan 4 esse agyrdygyny alamatlandyrýar. Alymlar bu barionyň iki agyr, bir ýeňil kwarkdan emele gelendigini, adatça, barionlarda bir agyr kwarkyň bolýandygyny belleýär. Wilkinson bariondaky iki agyr kwarkyň bir-biri bilen tans edýän ýaly hereket edýändigini, ýeňil kwarkyň tans edýän jübütiň daşyndan aýlanýandygyny belleýär. Bu ýagdaýa köp wagtdan bäri garaşylýandygyny aýdan Wilkinson bu açyşyň fizikler üçin has ähmiýetlidigini aýtdy.
CERN ylmy merkezi Ýewropa döwletleriniň fizika ylmyny ösdürmegi üçin 10 milliard dollar sarp edilip döredildi. Ol dünýäniň iň uly we çylşyrymly desgalarynyň biri hasap edilýär. Ýeriň 100 metr aşagynda gurlan desga maddany ýokary gyzgynlykda we ýokary dykyzlykda barlagdan geçirmek üçin işlenip düzüldi. Bu ýerde geçirilýän tejribeleriň maksady ähli barlygyň gelip çykyşyny öwrenmekden ybarat. Bu ýerde ilkinji uly tejribe 2008-nji ýylda geçirilip, mundan 14 milliard ýyl ozal barlygyň döremeginiň başlangyjy bolan “Uly partlaýyşyň” (Big Bang) kiçijik nusgasy döredildi. Şondan bäri geçirilen tejribelerde atomasty bölejikler tapyldy we fizika ylmynda täze açyşlar edildi.