Iňlis ýazyjysy Joan Rouling «The Times» neşiri bilen söhbetdeşlikde ýene alty kitap ýazmagy meýilleşdirýändigini gürrüň berdi. Rouling bu kitaplary ýazmak üçin täze ideýalarynyň bardygyny belledi. Häzirki wagtda ýazyjy detektiw Kormoran Straýk hakyndaky sekizinji romanynyň üstünde işleýär. Ol bu eseriň ýene-de iki tomunyň boljakdygyny aýtdy. «Soň ýene-de ýazmak isleýän üç kitabym bar» diýip, ýazyjy belleýär.
Rouling eserlerini elde ýazmagy, aýratynam, ünsüni bir ýere jemlemek üçin gijelerine ýazmagy gowy görýändigini aýtdy. Ol eserlerini ýazmaga girişmezden öň, hatda soňky bölümlerine çenli öňünden görmäge mümkinçilik berýän sýužetleri doly bilýändigini aýdýar.
Rouling «Garri Potter we syrly otag» eseriniň üstünde işleýän döwürleri ýazyjylyk çökgünligini başdan geçirendigini boýun aldy. Ol göýä doňup galan ýaly bolup, nirä hereket etjegini bilmeýär. Şeýle ýagdaý bir hepde dowam edýär. Ýöne, bu ýagdaý eseriň şowly çykmagyna päsgel bermeýär.
Amanberdihajy ÝEGENMYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.