Üstümizdäki okuw ýyly hem tamamlanyp barýar. Ýene-de birnäçe günden okuw derslerinden synaglar gutaryp, tomusky dynç alyş möwsümi başlanýar. Göräýmäge indiki okuw möwsümine köp wagt bar ýaly. Emma tomusky dynç alyş derrew geçýär. Eýsem, tomusky dynç alşy nähili geçirmeli?!
Tomusky dynç alşy peýdaly we gyzykly geçirmek üçin isleýän zatlaryňyzy meýilleşdirmeli. Elbetde, meýilleşdirýän işleriňizi özüňize görä edip bilmersiňiz. Munuň üçin ene-ataňyz bilen maslahatlaşmak zerurdyr. Ýurdumyzyň owadan künjeklerine gezelenç etmek, dostlaryň bilen oýnamak ýaly dynç alyş çäreleriniň hataryna kitap okamak, sport bilen meşgullanmak we öý işlerine kömekleşmek ýaly çäreleri hem goşmaly.
Öwrenilenleri berkitmek. Tomusky dynç alyşda boş wagtyňyz, esasan hem, agşamlaryna mekdepde öwrenen zatlaryňyzy jigiňize, doganyňyza öwretmek, deň-duşlaryňyz bilen gürrüňdeş bolup, sorag-jogap alyşmak hem siziň kämilleşmegiňize ýardam eder.
Okamak. Mekdep kitaphanasyndan ýa-da beýleki kitaphanalardan özüňiz üçin gyzykly kitaplary alyň! Şeýle hem okuw esbaplary satylýan dükanlaryndan özüňiz üçin kitap alyp bilersiňiz. Kitabyň sahabynyň iç ýüzüne alan wagtyňyzy bellik etseňiz, ulalanyňyzda haçan nähili kitap alanyňyzy bilmegiňiz üçin peýdaly bolar. Agşamlaryna kitap okamak siziň täze sözleri öwrenmegiňize, dil baýlygyny artdyrmagyňyza ýardam eder. Şeýle hem okan çeper eserleriňizdir hekaýalary maşgala agzalaryňyza gürrüň bermek hem ýatkeşligiňiziň ösmegine itergi berýär.
Sport bilen meşgullanmak. Dynç alyş möwsüminde sport bilen meşgullanmaga has köp üns bermeli. Mysal üçin, ýüzmegi halaýan ýa-da öwrenmek isleýän bolsaňyz, ýörite suw-sport desgalaryna gatnap bilersiňiz. Mundan başga-da, futbol, karate, woleýbol, basketbol ýaly sportuň beýleki görnüşleri bilen hem meşgullanmak üçin sport meýdançalaryndan we desgalaryndan peýdalanyp bilersiňiz.
Gezelenç etmek. Dünýägaraýşyňyzyň giňemeginde gezelenç etmegiň ähmiýeti örän uludyr. Bu babatda ýaşaýan ýa-da myhmançylyga baran ýeriňiziň golaýyndaky taryhy ýadygärliklere we muzeýlere gezelenç edip bilersiňiz. Mundan başga-da, maşgala agzalaryňyz bilen bilelikde paýtagtymyza we ýurdumyzyň beýleki şäherlerine gezelenç edip, wagtyňyzy gyzykly geçirip bilersiňiz. Taryhy ýerlere we muzeýlere baranyňyzda, ol ýer barada has giňişleýin maglumat öwrenmegi ýadyňyzdan çykarmaň!
Dynç almak. Okuw möwsümi tamamlanandan soň, mekdep okuwçylarynyň köpüsi çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine gidýärler. Siz hem ýurdumyzyň deňiz kenarlarynda we dag eteklerinde ýerleşýän şeýle merkezlere gidip dynç alyp bilersiňiz. Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, täze zatlary öwrenmäge, esasan hem, täze dostlar tutunmaga uly mümkinçilik döreýär.
Döredijilik bilen meşgullanmak. El we akyl güýji bilen ýerine ýetirilýän işlere güýmenmek, döredijilik bilen meşgullanmak hem tomusky dynç alyşda edilmeli işleriň biridir. Mysal üçin, hekaýa okamagy ýa-da goşgy ýat tutmagy halaýan bolsaňyz, hekaýa ýa-da goşgy ýazmaga synanyşyp görüň! Şeýle hem senetçilik bilen meşgullanmagy halaýanlaryňyz bar bolsa, jigileriňiz üçin oýnawaçdyr oturgyç hem ýasap bilersiňiz.
Okuw merkezlerine gatnamak. Tomusky dynç alyş möwsüminde özüňiziň gyzyklanýan ugruňyzdan – dil öwrenmek, kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, surat çekmek, senetçilik önümlerini ýasamak ýaly ugurlardan ýörite merkezlere gatnap bilersiňiz. Şeýle merkezlere gatnamak – belli bir ugurdan kämilleşmek siziň geljekde hünär saýlamagyňyza ýardam eder. Şeýle hem özüňize ýakyn bolan sport görnüşini has kämilleşdirmek üçin sport mekdeplerine gatnap bilersiňiz.
Öý işlerine kömek etmek. Maşgala agzalaryňyza, dogan-garyndaşlaryňyza kömek etmek, olar bilen has köp wagt geçirmek tomusky meýilnamada ýerine ýetirilmeli işleriň biridir. Ataňyz, eneňiz, babaňyz, mamaňyz, daýyňyz we beýleki garyndaşlaryňyza gezelenje gitseňiz, hem olary begendirersiňiz, hem özüňiz begenersiňiz. Ýaşulularyň gürrüň berjek ýatlamalary sizde ýakymly duýgulary döreder. Şeýle hem olardan milli däp-dessurlarymyza, gymmatlyklarymyza degişli zatlary öwrenersiňiz. Uzak aralyga gezelenje gideniňizde, ony kartadan görmegiňiz we ýol belliklerine üns berip, olaryň manylaryny öwrenmegiňiz siziň üçin gyzykly bolar.
Gün tertibine eýermek. Okuw döwründe belli bir ýatýan we turýan wagtymyz bolýar. Dynç alyş möwsüminde hem gün tertibi dowam etdirilmelidir. Ilki bilen, wagtly-wagtynda iýip-içmäge, ýeterlik derejede ukyňy almaga üns bermeli. Şeýle hem, tebigata ýa-da nätanyş ýerlere gidilende, arassa bolmadyk miwedir ir-iýmişleri iýmekden, janly-jandarlary ellemekden saklanmaly. Akar suwlara girmekden, esasan hem, hapa we çuň suwa girmekden saklanmaly. Şeýle hem oýun oýnajak ýeriňiziň we beýleki ýerleriň arassa bolmagyna üns bermeli.