Ýene-de 20 günden Germaniýada başlanjak 17-nji Ýewropa çempionatyna gatnaşýan Türkiýäniň ýygyndysy mälim edildi. Toparyň italiýaly tälimçisi Winçenzo Montella giňeldilen düzüme 35 futbolçy çagyrylar. Çagyrylan futbolçylaryň arasynda Arda Güler, Ýusuf Ýazyjy, Zeki Çelik, Orkun Kökçü, Kenan Ýyldyz, Hakan Çalhanoglu ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynda çykyş edýän futbolçylar hem bar. Tälimçi çempionatdan öň 35 oýunçydan ybarat sanawy 26-a düşürer.

Türkiýäniň ýygyndysy «F» toparçada Portugaliýanyň, Çehiýanyň hem-de Gruziýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

DERWEZEÇILER

Altaý Baýyndyr («Mançester Ýunaýted»), Dogan Alemdar («Trua»), Mert Günok («Beşiktaş»), Ugurjan Çakyr («Trabzonspor»);

GORAGÇYLAR

Mert Müldür («Fenerbahçe»), Zeki Çelik («Roma»), Abdulkerim Bardakçy («Galatasaraý»), Ahmetjan Kaplan («Aýaks»), Çaglar Söýünjü («Fenerbahçe»), Merih Demiral («Al-Ahli»), Ozan Kabak («Hoffenhaým»), Samet Akaýdyn («Panatinaikos»), Jenk Özkaçar («Walensiýa»), Ferdi Kadioglu («Fenerbahçe»), Kaan Aýhan («Galatasaraý»);

ÝARYMGORAGÇYLAR

Berat Ozdemir («Trabzonspor»), Jan Uzun («Nürnberg»), Hakan Çalhanoglu («Inter»), Ismail Ýuksek («Fenerbahçe»), Okaý Ýokuşlu («West Bromwiç»), Orkun Kökçü («Benfika»), Salih Özjan («Borussiýa D»), Abdulkadir Ömür («Hall Siti»), Irfan Kahweji («Fenerbahçe»), Ýunus Akgün («Lester»), Kenan Ýyldyz («Ýuwentus»), Kerem Aktürkoglu («Galatasaraý»), Oguz Aýdyn («Alanýaspor»), Arda Güler («Real»), Baryş Ýylmaz («Galatasaraý»), Ýusuf Ýazyjy («Lill»);

HÜJÜMÇILER

Bertug Ýyldyrym («Renn»), Jenk Tosun («Beşiktaş»), Enes Ünal («Bornmut»), Semih Kylyçsoý («Beşiktaş»).