Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionaty 22-nji maýdan 26-njy maý aralygynda Perunyň paýtagty Limada geçirilýär. Bu ýaryşa 50 ýurtdan 280 töweregi türgen gatnaşýar.
49 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşýän Ogulşat Amanowa üç medal gazanmagy başardy.
Ol silterläp götermekde 77 kg agram bilen altyn, itekläp götermekde 91 kg agram bilen bürünç, umumylykda 168 kg görkeziji bilen kümüş medala mynasyp boldy.
Munuň özi Aşgabatdaky 104-nji orta mekdebiň okuwçysy, 16 ýaşly türgen üçin ajaýyp üstünlikleriň biri. 67 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Didarbek Jumabaýew hem ýeňiş üçin öz güýjüni we edermenligini görkezdi.
Ol umumy 372 kilogram agram bilen dördünji orny eýeledi. 155 kilogram bilen itekläp götermekde bürünç medal gazandy. Didarbek, “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçysy.
Türkmen agyr atletikaçylary halkara ýaryşlarynda ýokary derejelerini birnäçe gezek subut etdiler. Perudaky ýetginjekleriň arasyndaky çempionat hem munuň aýdyň subutnamasydyr.