1919-njy ýylyň 27-nji maýynda ilkinji transatlantik uçuşyny amala aşyran ABŞ-nyň Deňiz güýçlerine we Kenarýaka goragyna degişli bolan NC-4 uçary Lissabona gonýar. Uçýan gaýyk diýlip atlandyrylan bu deňiz uçary 8-nji maý güni Amerikadan (Nýu-Ýork) Ýewropa (Lissabon, Portugaliýa) tarap ýola çykýar. Uçar barmaly ýerine barýança birnäçe gezek düşlemeli bolýar. 19 günläp dowam eden uçuşyň dowamynda goşa ganatly uçar Massaçusetsde, Täze Şotlandiýa (Kanada), Nýufaundlendde hem-de iki gezek Asoriş adalarynda düşleýär. Uçar Atlantik ummanyny kesip geçeninden soňra Lissabondan Ispaniýa, Angliýa hem syýahat edýär. Şondan bary-ýogy iki hepdeden soňra britaniýaly Jon Alkok hem-de Artur Witten 72 sagatdan az wagtda Atlantik ummanyny kesip geçýärler. Şeýle hem britan uçarmanlary öz ýany bilen hat hem äkidýärler. Şeýlelikde ilkinji uçarly transatlantik poçta hyzmaty hem amala aşyrylýar. Britan awiatorlarynyň bu üstünligi amerikanlaryň “düşelgeli” transatlantik uçuşyny ýatdan çykardýar.