Ýaponiýanyň “Toshiba”, “Sekisui Chemical” we “Panasonic” kompaniýalary döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlykda çeýe Gün panellerini öndürmek üçin konsorsium döredýärler. Perowskit atly bu innowasiýa önümi geljegi uly mineraldan öndüriler. Bu täze konsorsiuma hususy we döwlete degişli pudaklaryndan 150 agzanyň girmegine garaşylýar. Bularyň arasynda Söwda we senagat ministrligi, ykdysadyýet, “Aisin”, “Kaneka”, şeýle hem Ýaponiýanyň esasy demir ýol operatory bolan “Japan Railways” bar. Adaty fotoelektrik modullaryndan birnäçe artykmaçlygy bolan perowskit panelleriniň ulanylmagy 2040-njy ýyla çenli ýurduň täzelenen energiýa üpjünçiligi strategiýasynyň esasy bölekleriniň birine öwrüler. Bu Gün panelleriniň esasy artykmaçlygy olary gaty modullary ulanmak maksada laýyk däl ýa-da mümkin bolmadyk ýerlerde, ýagny diwarlara we penjirelere gurnap bolýar. Mundan başga-da onuň, energiýa öwrülişiniň netijeliligi we çydamlylygy boýunça özüne meňzeşleriň aglabasyndan has ýokarydyr.
Hytaý bazarynda kremniý Gün paneliniň öňdebaryjy hasaplanýandygyny bellemelidiris, ol bu önümleriň global üpjünçilik zynjyrynyň 80%-den gowragyna gözegçilik edýär. Täze çözgüt, belki-de bu ugurda Ýaponiýanyň has-da uly meşhurlyga eýe bolmagyna ýardam eder.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.