Formula 1 boýunça möwsümiň 8-nji ýaryşy Monakonyň paýtagty Monte Karlonyň köçelerinde geçirildi. 78 aýlawdan ybarat bolan F1-iň iň abraýly “Gran Prisinde” eýýäm 1-nji aýlawda 3 sürüjiniň ulagynyň çaknyşmagyndan soň, ýaryş togtadyldy. Belli bir wagtdan soň täzeden başlanan ýaryşda “Ferrari” toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler ýeňiş gazandy. Ol ilkinji hatardan başlan ýaryşyny 2 sagat 23 minut 15,554 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň 2022-nji ýyldaky Awstriýa “Gran Prisinden” soňky ilkinji ýeňşidir. Şeýle-de, Şarl Lekler 1931-nji ýyldan soň Monako “Gran Prisinde” ýeňiş gazanan ilkinji monakoly sürüji hökmünde hasaba alyndy. 1931-nji ýylda Lui Şiron ýeňiji bolupdy. Lekler F1-iň taryhynda Monakoda ýeňiş gazanan ilkinji ýerli sürüji boldy.
Leklerden 7,152 sekunt yza galan “McLaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri 2-nji, 7,585 sekunt soň pellehanadan geçen ispaniýaly topardaşy Karlos Saýns Junior 3-nji orny eýeledi. Britaniýaly sürüjiler – Lando Norris (“McLaren”) 4-nji, Jorj Rassel 5-nji, Lýuwis Hamilton (ikisem – “Mercedes”) 7-nji orna mynasyp boldy. Sanawyň lideri Maks Werstappen (“Red Bull”) ýaryşy 6-njy orunda tamamlady.
Monako “Gran Prisinden” soň Werstappen 169 utuk bilen liderligini dowam etdirýär. Utugyny 138-e çykaran Lekler 2-nji ýerde barýar. 113 utukly Norris 3-nji, 108 utukly Saýns 4-nji ýere beýgeldi. 107 utukda galan Peres 5-nji orna düşdi. Möwsümiň 9-njy ýaryşy 9-njy iýunda Kanadanyň Monreal şäherinde geçiriler.