1937-nji ýylyň 28-nji maýynda häzirki wagtda dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýasy bolan “Volkswagen” (VW) esaslandyrylýar. Şol döwür diňe gurply adamlar awtoulag alyp bilipdirler. Önümçilik merkezi Wolfsburg şäherinde ýerleşýän kompaniýa halk köpçüligi üçin elýeterli boljak arzan bahaly ulag öndürmek maksady bilen esaslandyrylýar. Kompaniýanyň “Beetle” (tomzak) atly ulagy uzak ýyllaryň dowamynda köp ýurtda öndürilip meşhurlyga eýe bolýar. “Volkswagen” sözi nemesçe “Volk” (halk) hem-de “Wagen” (araba, ulag) sözlerinden emele gelip, halkyň maşyny diýmegi aňladýar.