1953-nji ýylyň 29-njy maýynda täze zelandiýaly dagçy Edmund Hillari we nepally Tenzing Norgeý (doglan wagtyndaky ady Namgýal Wangdi) dünýäniň iň beýik nokady bolan Ewereste çykmagy başaran adamlar boldular.
1850-nji ýyllarda Ewerestiň dünýäniň iň beýik nokadydygy belli bolýar. Şol wagtlar adamlar bu daga hiç haçan çykyp bolmajakdygyny pikir edýärler. XIX asyryň ahyrynda käbir dagçylar Beýik daga çykmak üçin heläk bolýarlar.
“Time” žurnaly Norgeýi XX asyryň 100 täsirli adamynyň sanawyna goşýar.