Angliýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak 4-nji iýulda ählumumy saýlawyň geçiriljekdigini mälim etdi. Ýurtda bu saýlaw bäş ýyldan bir gezek geçirilýär. Mundan ozalky ählumumy saýlaw 2019-njy ýylyň dekabrynda geçirilipdi. Geçirilýän pikir soralyşyklar Zähmet partiýasynyň konserwatorlardan öňde barýandygyny görkezýär. Hökümet Başlygy wezipesine Rişi Sunak bilen Kir Starmeriň dalaşgärlik etmegine garaşylýar. Kanuna görä, saýlawyň netijeleri mälim edilenden soňra haýsy partiýadan köp deputat saýlanan bolsa, şol partiýanyň dalaşgäri Premýer-ministr bolýar. Ýurtda saýlawyň güýzde geçirilmegine garaşylýardy.
Iňlis saýlawçylary Zähmet hem-de Konserwator partiýalaryna has köp ses berýärler. Şeýle-de bolsa, parlamentde Reforma partiýasynyň, Liberal demokratlaryň wekilleri hem-de özbaşdak gatnaşýan deputatlar hem bar. Häzirki wagtda ýurduň kanun çykaryjy organy bolan Obşinalar palatasynda Konserwator partiýasynyň mandatlarynyň sany işçi partiýasynyňkydan 80 orun köp. Birleşen Patyşalykda 650 saýlaw okrugy bar. Saýlawçylar öz ýaşaýan sebitine wekilçilik etjek bir dalaşgäri saýlaýarlar. Has köp deputaty bolan partiýanyň ýolbaşçysy Premýer-ministr wezipesine bellenilip, Patyşa tarapyndan hökümeti düzmek tabşyrylýar.
Häzirki wagtda ýurduň hökümetine ýolbaşçylyk edýän 44 ýaşly Rişi Sunak bu wezipä saýlanan ilkinji hindi. Saýlawda onuň bäsdeşi boljak Zähmet partiýasynyň ýolbaşçysy Kir Starmer bolsa, 2020-nji ýyldan bäri bu wezipäni alyp barýar.
30-njy maýda Obşinalar palatasy we deputatlaryň işi ýatyryldy. Şeýlelikde, deputatlar indiki saýlaw üçin kampaniýalara girişdiler. Deputatlaryň ýüzden gowragy indiki saýlawda dalaşgär bolmajakdyklaryny mälim etdiler.