Iki ussat aktýor – Arnold Şwarsenegger bilen Danni DeWito 3-nji gezek bir filmde bilelikde surata düşerler. Olar mundan öň 1988-nji ýylda “Ekizler” (Twins) hem-de 1994-nji ýylda “Körpe” (Junior) filmlerinde bile surata düşüpdiler. Ikisiniň täze filminiň ady entek belli bolman, ekran eseri “Warner Bros.” studiýasynyň önümi bolar. Bu barada DeWito: – Häzirki wagtda ikimiz ýene bir taslamanyň üstünde işleýäris. Ssenariýasy taýýar bolup barýar. Elimize gelip gowşanyndan soň has içgin maglumat bereris – diýip aýtdy.