Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda umumadamzat gymmatlyklaryna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň
çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny bellemeli. Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan ajaýyp ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň dürli görnüşleri we edebi mirasy ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizildi.
2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar.
Golaýda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Çäräniň esasy maksady türki döwletleriň taryhy, medeni, tebigy we golýazma ýadygärliklerini gorap saklamakda ÝUNESKO bilen TÜRKSOÝ-yň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemekden hem-de milli mirasyň gymmatlyklarynyň halkara sanawlara işjeň girizilmegini üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän daşary syýasat strategiýamyzyň esasy ugurlarynyň hatarynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 1993-nji
ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup durýan ýurdumyz BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Netijeli durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar, ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň goldawyna eýe bolýan halkara başlangyçlary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
ÝUNESKO-nyň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 2022-nji ýylyň iýulynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary esasynda «Biziň mirasymyz» atly sebitleýin taslamany işläp taýýarlamak babatdaky başlangyjy türki dünýäsinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltdi.
Türkmenistan döwletimiz ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, Özbegistan bilen bilelikde Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna, Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde bu guramanyň «Adam we biosfera» maksatnamasynyň çäklerinde «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamasyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek, halkymyzyň milli mirasy bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizmek üçin hödürnamalary taýýarlamak boýunça alyp barýan işleri halkara ulgamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagyna saldamly goşant bolup durýar.
Ysmaýyl ORAZNUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.