Tomus paslynyň gelmegi bilen ir-iýmişler ýetişip, gyş paslyna taýýarlyk möwsümi başlanýar. Bu möwsümde öý bikeleri ertirlik saçagyny bezeýän süýjülikleriň biri bolan mürepbäniň dürli görnüşini taýýarlaýarlar. Bu süýji tagam diňe miweden däl, eýsem, gök önümlerden, ir-iýmişlerden, olaryň gabyklaryndan, gül ýapraklaryndan we gozalaryndan hem gaýnadylýar. Her bir ýurda ýa-da sebite mahsus bolan mürepbäniň dürli görnüşleri bar. Gazetimiziň şu sanynda sizi dürli zatlardan taýýarlanylýan mürepbeler bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Hoz mürepbesi. Köp ýurtda hozdan hem mürepbe gaýnadylýar. Bir kilogram gök hoza sekiz bulgur suw, ýedi bulgur şeker, iki sany dalçyn çybygy, dört sany gwozdika agajynyň guradylan gunçasy hem-de ýarym çaý çemçesi limon duzy goşulýar. Gök hozuň reňkiniň eliňe ýapyşýandygy sebäpli ellik geýilse gowy bolar. Ilki bilen hozuň gabygyny ardyp, iki günläp suwa salyp goýmaly. Üçünji günden başlap, ýedi günläp, her gün üç gezek suwuny çalyşmaly. Soňra suwuny süzüp, 20 minut suwda gaýnatmaly. Soňra suwuny her gezekde täzeläp, 15 minutdan iki gezek gaýnatmaly. Iň soňundan arassa suw goşup, 30 minutlap, pes otda gaýnatmaly. Şeker goşup, ýene-de bir sagat pes otda gaýnatmaly. Soňra gwozdika, dalçyn, limon duzuny goşup, ýene-de 10 minut goýmaly. Şeýlelikde, köp zähmet talap edýän mürepbe taýýar bolýar.
Bägül ýapragynyň mürepbesi. Täsin tagamy bilen tapawutlanýan bu mürepbäni taýýarlamak üçin 15 sany hoşboý ysly gyzyl bägül, 5 bulgur şeker, 2 bulgur suw we ýarty limonyň suwy gerek. Gül ýapraklaryny alyp, mazaly ýuwmaly-da, bir gije şekere garyp goýmaly. Şeýlelikde, onuň suwy çykýar. Ertesi gün şekerli gül ýapraklaryny pes otda gaýnatmaly. Zerur bolsa islege görä suw goşup hem bolar. Gaýnap başlandan soňra limon suwuny goşup, ýene-de 20 minut gaýnatmaly. Sowandan soňra bägül tagamly goýy mürepbe emele gelýär.
Nar mürepbesi. Az mukdarda nar mürepbesini taýýarlamak üçin 3-4 sany uly nar, bir bulgur şeker, ýarty limonyň suwy gerek. Ilki bilen bir naryň dänelerini ýençmän aýyrmaly. Beýleki narlaryň suwuny sykmaly. Çuň gazana nar dänelerini, şekeri we naryň suwuny guýmaly. Orta derejeli otda gaýnap başlandan soň, limon suwuny goşup, ýuwaşjadan garmaly. 45 minut gaýnap, suwuny çekenden soň oduny öçürmeli. Eger suwuny köp görseňiz, ýene biraz gaýnadyp bilersiňiz.
Sosna gozasyndan mürepbe. Köp ýurtda tebigy şertlerde ösýän sosnanyň gozalaryndan hem mürepbe gaýnadylýar. Gozalar maý aýynyň ortalarynda ýa-da iýun aýynyň başynda gök wagty ýollardan, zawodlardan uzagrakda ösýän agaçlardan ýygnalýar. Ýumşak ýaşyl sosna gozalary ýuwlup, suwa goşulyp, pes otda 4 sagatlap gaýnadylýar. Sowandan soňra ýene-de gaýnadylýar. Soňra gerekli mukdarda şeker goşup, adaty mürepbäniň taýýarlanyşy ýaly gaýnadylýar.
Badamjan mürepbesi. Käşirden, şugundyrdan, kädiden mürepbe taýýarlanýar. Emma badamjandan mürepbe taýýarlanyşyny eşidipmidiňiz?! Badamjan mürepbesini taýýarlamak üçin 5-6 sany kiçiräk badamjan gerek. Badamjanlaryň gabygyny ardyp, dört bölege bölmeli-de, 15 minut duzly suwda goýmaly. Soňra mazaly ýuwup, suwuny süzmeli we gazanda limon suwy ýa-da limon duzuny goşup, ýumşaýança gaýnatmaly. Gaýnan badamjanlary süzüp, gurandan soňra boş gazana salmaly. Üstüne iki bulgur suw, şonçarak şeker goşup, ýumşaýança gaýnatmaly. Mürepbä meňzäp başlandan soňra, bir limonyň suwuny goşup, biraz goýmaly. Badamjan mürepbesini sowandan soňra gaplap hem bilersiňiz.
Ýokarda agzalanlardan başga-da, beýi, ülje, erik, injir, ýertudana, alma, garaly ýaly miwelerden, gawundan, pyrtykalyň gabygyndan, garpyzyň paçagyndan hem mürepbeler taýýarlanýar.