Güýz paslynyň gelmegi bilen balyk iň köp iýilýän iýmitleriň birine öwrülýär. Sygyr, goýun we towuk etinden tapawutlylykda, balyk çalt siňýändigi hem-de ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Balykda A, B12, D, E we K witaminleri, Omega-3 ýag kislotasy, belok, selen, ýod, kalsiý, fosfor ýaly minerallar saklanýar. Bilermenler hepdede iki gezek balyk iýmegiň saglyk üçin örän peýdalydygyny belleýärler.
Adamzat ýaşaýşynda ilkinji iýmitleriň biri hasaplanýan balyk beýniniň ösüşinden başlap, ýürek-damar ulgamyna, süňklere we derä oňaýly täsirini ýetirýär. Balykdaky A witamini immuniteti güýçlendirip, görşi gowulandyrmaga, derini we öýjükleri sagdyn saklamaga ýardam edýär. B witaminler toplumynyň öýjügi bolan balyk bedeni kuwwatlandyrmaga, nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga hem-de gyzyl gan öýjükleriniň ýeterlik derejede öndürilmegine öz goşandyny goşýar. Balykdaky D witamini bedeniň kalsiý ýetmezçiliginiň öwezini dolup, süňkleri we dişleri berkidýär. Balygyň düzümindäki E witamini antioksidant çeşmesi bolup, bedeni zyýanly erkin radikallardan goramaga ýardam edýär. K witamini bolsa ganyň lagtalanmagynyň öňüni alyp, süňkleriň sagdynlygyny üpjün edýär.
Balygyň düzüminde Omega-3 ýag kislotasy saklanýan görnüşini iýmek has-da peýdalydyr. Soňky ýyllarda geçirilen barlaglarda balyk ýagynyň nerw ulgamyny köşeşdirýändigi ýüze çykaryldy. Ýagly balykdaky Omega-3 maddasy dartgynly ýagdaýlaryň öňüni alyp, adamyň özüni has rahat duýmagyny üpjün edýär. Balyk ýagyndaky EPA we DHA ýag kislotalary ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Görşi gowulandyryp, beýniniň işjeňligini artdyrýar.
Dowamly balyk iýýän adamlarda huşsuzlyk, ýadyň we görşüň peselmegi ýaly alamatlar seýrek duş gelýär. Balyk göwrelilik döwründe çagalaryň ösüşi üçin hem möhüm iýmitleriň biridir. Bilermenleriň bellemegine görä, sardina, losos, tunes ýaly Omega-3 ýag kislotasyna doýgun balyklar saglyk üçin has peýdaly hasaplanýar. Balygy diňe günortanlyk naharynda däl, eýsem, agşamlyk naharynda hem arkaýyn iýip bolýar. Sebäbi ýumşak etli bu iýmit aşgazanda çalt özleşip, energiýa alyş-çalşygyny ýokarlandyrýar. Şeýle hem kadaly uklamaga ýardam edýär.
Dünýäde 35 müňden gowrak görnüşi bolan daşy teňňeli jandarlar derýadyr köllerden başlap, ummanlaryň dürli çuňluklarynda ýaşaýar. Balygyň ähli görnüşini iýip bolmaýar. Käbiriniň derisinde zäherli maddalaryň saklanýandygy sebäpli, balygy örän ünsli saýlamaly bolýar. Iň köp balyk iýilýän ýurtlaryň sanawynda Hytaý, Islandiýa, Norwegiýa, Koreýa Respublikasy, Portugaliýa we Ýaponiýa öňdäki orunlary eýeleýär. BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň maglumatyna görä, her ýyl dünýäde 90 million tonnadan gowrak balyk tutulýar.
PDF








