Soňky 4-5 ýyldan bäri gürrüňi edilýän transfer, ine, bu günki gün, ahyry hakykat ýüzünde öz beýanyny tapdy. Her transfer möwsüminde ähli ünsleri özünde jemlän Kilian Mbappe – “Real Madrid” gürrüňleri resmi ýagdaýda hakykata öwrüldi. Ispan topary resmi ýagdaýda fransiýaly ýyldyzy düzümine goşandygyny habar berdi.

Mbappe özüniň “Reala” transfer bolmagy bilen baglanyşykly sosial media hasabynda: Düýş hasyl boldy. Çagalyk arzuwym bolan “Real Madride” goşulmak meniň üçin uly abraý hem-de begenjimiň çägi ýok. Nähili derejede tolgundyryjy ýagdaýdygyna hiç kim göz ýetirip bilmez. Madridliler siziň bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Ajaýyp goldawyňyz üçin köp sagboluň – diýip, begenjini paýlaşdy.

25 ýaşyndaky super ýyldyzyň 5 ýyllyk şertnama baglaşandygy mälim edildi. Şertnamanyň jikme-jik ýagdaýy barada häzirlikçe iki tarap hem dil ýarmady. Ýöne žurnalistleriň, gazetleriň habar bermegine görä, oýunça gol çekeni üçin 125 million ýewro möçberinde töleg ediler. Onuň klubdan aljak ýyllyk haky ähli salgytlary klubuň özi tölände 15-20 million ýewro aralygynda bolar. Ol PSŽ-den ýyllyk arassa 70 million ýewro alýardy. Şol bir wagtyň özünde oýunçynyň mahabatlardan, imij hukuklaryndan gazananlarynyň 80 göterimi Mbappede galar.

Futbola 2015-nji ýylda “Monako” toparynda başlan Mbappe 2 möwsüm bu klubda çykyş etdi. Bu toparda jemi 60 oýunda 27 gol geçiren Mbappe 2016/17 möwsüminde “Ligue 1”-iň çempionlygyny hem gazandy. 2017/18 möwsümini PSŽ-de kärendesine geçiren Mbappeni parižliler 1 möwsümden soň 180 million ýewro berip, ymykly transfer etdiler. Ol PSŽ-de 6 möwsümde 308 duşuşyk geçirdi. Şolarda 256 gol geçirip, 108 goluň pasyny berdi. Mbappe PSŽ-de 15 kubok gazanyp, olaryň hiç biri-de halkara ýaryşlardan bolman, “Ligue 1”-iň çempionlygyny 6, Fransiýanyň Kubogyny 4, Fransiýanyň Liga Kubogyny 2, Fransiýanyň Super Kubogyny 3 gezek asmana göterdi.

“Real Madrid” topary täze ýyldyzynyň tanyşdyryş dabarasyny “Santiago Bernabeuda” 15-nji ýa-da 16-njy iýulda guramak isleýär. Oňa 80 müň janköýeriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Mbappe erkin agent ýagdaýynda transfer edilen iň gymmat futbolçy boldy. “Transfermarkt”-iň bellemegine görä, Mbappeniň gymmaty 180 million ýewro deňdir. Bu ugurda ozalky rekord Lionel Messi bolup, PSŽ 80 million ýewro möçberinde gymmaty bolan argentinaly ýyldyzy erkin agent ýagdaýynda düzümine goşupdy.

Fransiýanyň ýygyndysy bilen 2018-nji ýylda Dünýä Kubogyny gazanan Mbappe 2022-nji ýylda kümüş medala mynasyp boldy. Onuň milli toparda 77 oýunda 46 goly bar.