11-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli strategiýalarda, maksatnamalarda kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, 2026-njy ýylyň oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny”, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, «akylly» diwersifikasiýa, durnukly ösüş” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen birlikde, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, iri halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olarda “ýaşyl”, howpsuz, “akylly” şäher konsepsiýasy, innowasion gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, önümçilik amallaryny awtomatlaşdyrmak we robot tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýeti “akylly” diwersifikasiýalaşdyrmakda we sanlylaşdyrmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde emeli aň tehnologiýalarynyň innowasion mümkinçilikleri boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň agzalan ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF








