3 – 5-nji iýun aralygynda Rus diliniň güni mynasybetli Aşgabatda rus kinosy we animasion filmleriniň hepdeligi geçirilýär. 3-nji iýunda «Berkarar» kinoteatrynda hepdeligiň dabaraly açylyşy boldy.
Açylyş dabarasynda ussatlyk sapaklary, surat zolagy we çagalaryň ýaryşlary guralar. Sagat 18:00-da bolsa «По щучьему велению» filmi görkezildi.
Rus kinosy we animasiýa filmleriniň hepdeliginiň galan günlerinde myhmanlar «Я делаю шаг», «Три Богатыря и Пуп Земли», «Руслан и Людмила. Больше, чем сказка» ýaly täze filmlere tomaşa edip bilersiňiz.
Rus kinosy we animasion filmleriniň hepdeliginiň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Roskinonyň, Rus öýüniň we Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen guralýar.