Bakuda 29-njy Halkara Hazar nebit we tebigy gaz forumy geçirilýär. 4-6-njy iýunda geçirilýän halkara sergä bu pudakda iş alyp barýan dünýäniň iri kompaniýalary gatnaşýar. Serginiň açylyş dabarasynda Türkiýäniň Prezident Rejep Taýýip Erdogan hem Gutlag iberdi. Gutlag hatyny bu ýurduň Energiýa we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar okady. Gutlag hatynda “Türkmenistanda öndüriljek gazyň bilelikdäki tagallalarymyz bilen Türkiýä we Ýewropa akdyrylmagy we TANAP-yň mümkinçiligini giňeltmegi indi, diňe wagt bilen baglydyr” –diýlip bellenilýär.
Mundan başga-da Gutlag hatynda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň her ugurda bolşy ýaly energetika pudagynda hem berk gatnaşyklarynyň bardygy bellenilip, “Uzak ýyllara daýanýan hem-de Baku-Tbilis-Jeýhan, Baku-Tbilisi-Erzurum turba geçirijileri we TANAP (“The Trans Anatolian Natural Gas Pipeline Project”) ýaly infrastruktura maýa goýumlary bilen berkiden gatnaşyklarymyz diňe Türkiýä bilen Azerbaýjana däl, sebitiň we Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna-da ähmiýetli goşant goşdy” diýilýär.