1896-njy ýylyň 4-nji iýunynda “Forduň dört tigirlisi” (Ford Quadricycle) atly çaklaňja awtoulag tanyşdyrylýar. Ýangyç bilen işleýän bu ulag “Ford” kompaniýasynyň ilkinji awtoulagy hasaplanýar. Henri Ford bu awtoulagy dört sany welosiped tigriniň arasyna hereketlendiriji oturtmagy bilen ýasapdyr.
Mälim bolşy ýaly, şol döwürler awtoulaglar at arabalary ýa-da welosipedler nusga alnyp, bir-birden elde ýasalýardy. Şol sebäpli olaryň bahasy hem gymmat bolupdyr. Şol döwürler awtoulagy işewürler däl-de, inženerler we oýlap tapyjylar ýasapdyr. Şeýle bolansoň, “atsyz araba” diýlip atlandyrylan awtoulagyň nähili bolmalydygy barada belli bir umumy pikir bolmandyr. Inženerler öz ukybyna ýa-da isleg-arzuwyna görä awtoulag ýasapdyr. Kwadrasikliň oýlanyp tapylmagy geljekde awtoulagyň nähili boljakdygy barada hem pikir berendigi üçin ähmiýetli hasaplanýar. Henri Ford soňlugy bilen awtoulag zawodyny gurup, baý işewürleriň birine öwrülýär.