Hindistanda geçirilen parlament saýlawlarynda Premýer-ministri Narendra Modiniň bileleşigi köplük gazandy. Modiniň “Hindi halk partiýasy” (Bharatiýa Janata Parti) tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Milli demokratik bileleşigi ýurtda geçirilen ählumumy saýlawlaryň netijelerinden soň parlamentiň aşaky palatasyndaky orunlaryň ýarysyndan gowragyny aldy.
Soňky maglumatlara görä, Modiniň bileleşigi parlamentiň 543 orunlyk aşaky palatasynda, takmynan, 290 orna eýe boldy. Häzirki wagtda saýlawçylaryň poçta arkaly ugradan sesleri sanalýar. Elektron maşynlary arkaly alnan sesler hem tassyklanýar. 28 partiýany öz içine alýan I.N.D.I.A. bileleşigi bolsa, takmynan, 220 orna bil baglap biljekdigi bellenilýär. Saýlaw komissiýasynyň wekili saýlawlar baradaky maglumatlaryň dürli ştatlardan gelmegini dowam etdirýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, ähli sesler sanalmaly we tassyklanmaly. Ýöne Modiniň bileleşigi parlamentde meýilleşdirilen 400 orna eýe bolmasa-da, eýýäm öz ýeňşini üpjün etdi. Indi Modi yzly-yzyna üçünji gezek Premýer-ministr wezipesini eýelär.
Hindistanda 19-njy aprelden bäri dowam eden ählumumy parlament saýlawlary tamamlandy. Ses bermek ýedi tapgyrda geçirildi. Ýurtda 968 million saýlawçy hasaba alyndy. Deslapky maglumatlara görä, saýlawlara gatnaşyk, ortaça 62 göterime deň boldy.