Azerbaýjanda Baku energetika hepdeliginiň çäklerinde “Hazaryň nebiti we gazy” atly XIX sergi we “Caspian Power” atly XII sergi geçirilýär. Oňa Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy.
Bu halkara forumlaryň çäklerinde Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar bilen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabbarowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Şol duşuşygyň ahyrynda Türkiýäniň BOTAŞ kompaniýasy bilen Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýalarynyň arasynda 4 sany şertnama gol çekildi. Bu barada türk ministri X jemgyýetçilik torunda habar berdi.
– Biz Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen 14-nji maýda Stambulda geçirilen duşuşykda gol çekilen tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşygyň infrastrukturasyny döretmek babatda täze ädimleri göz öňünde tutdyk. Bakuda BOTAŞ bilen SOCAR kompaniýalarynyň arasynda 4 sany şertnama gol çekildi – diýip, türk ministri belledi.
Bu ylalaşyga görä, azerbaýjan gazy Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa, şeýle hem Azerbaýjanyň Türkiýe bilen serhetdeş anklaw sebiti bolan Nahiçewana akdyrylar, türkmen gazy Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä üstaşyr iberiler, bulardan başga-da Azerbaýjanyň gaz üpjün etmek boýunça şu ýyl tamamlanýan şertnamasy 6 ýyl, ýagny 2030-njy ýyla çenli uzaldyldy.