Italiýanyň demirgazygyndaky Torino şäheriniň Ingria atly obasynda 46 adam ýaşaýar. Obada geçirilen ýerli saýlawa 30 adam dalaşgärligini hödürledi. Obanyň daşary ýurtlarda ýaşaýan ilatynyň 26-sy hem ses bermek üçin degişli diplomatik wekilhanalara ýüz tutupdyr. Ýurduň iň kiçi obalarynyň biriniň ýerli ýolbaşçysy, 42 ýaşly Igor De Santis mundan ozalky saýlawda bäsdeşlerinden aňsatlyk bilen öňe saýlanypdyr. Emma bu gezekki saýlawda onuň ejesi bäsdeşleriniň biriniň tarapyna geçipdir. Dördünji gezek dalaşgärliginiň hödürleýän De Santis bu saýlawyň ozalkylardan kyn boljakdygyny aýdýar.
De Santis 2009-njy ýyldan bäri ilatly ýeriň ýerli häkimiýetine ýolbaşçylyk edýär. Ol ilkibaşda diňe 70 ýaşly Renato Poletto bilen bäsleşmäge garaşýan eken. Emma Milanda ýaşaýan, ýöne bu obada hem öýi bolan Stefano Wenuti hem dalaşgärligini mälim edipdir. Şeýlelikde kiçijik obadaky saýlaw gyzypdyr. Ondan soňra Poletto häzirki ýolbaşçy De Santisiň ejesi Milena Krosassonyň goldawyny alypdyr.
8-9-njy iýunda geçiriljek saýlawa häzirki wagtda jemi 30 adam, ýagny oba ýaşaýjylarynyň üçden ikisi dalaşgärligini hödürläpdir.
De Santis ejesinden öz tarapyna geçmegini sorandygyny, emma ejesiniň Polettonyň sanawynda zenanlara has köp orun berlendigi üçin oňa goşulmak kararyna gelendigini aýdandygyny belleýär.
Ýerli häkimiýetiň ýolbaşçysynyň ejesi Krosasso bu bäsdeşligiň maşgalanyň agzybirligine zelel ýetirmejekdigine ünsi çekip, oglunyň hem, özüniň hem jemgyýet üçin iň gowysynyň bolmagyny isleýändiklerini aýdýar.
Ýurduň Soana jülgesinde ýerleşýän Ingrianyň ilaty soňky ýyllarda azalypdyr. Bu bolsa gyş paslynda gar sebäpli ýapylan ýollaryň açmakda kynçylyklaryň döremegine getiripdir. Ingria Italiýanyň iň gowy obalarynyň biri hasaplanýar. Soňky ýyllarda oba barýan myhmanlaryň sany hem artýar.
De Santis bäsdeşligiň ýitidigine garamazdan saýlawda ýeňiji boljakdygyna ynanýar.