Italiýanyň çempionaty “Serie A”-ny 10-njy orunda tamamlan 2023-nji ýylyň çempiony “Napoli” toparynyň täze tälimçisi belli boldy. Ozaldan hem habar berlişi ýaly, klub 54 ýaşyndaky Antonio Konteni toparyň tälimçiligine belledi. “Napoli” kluby tejribeli hünärmen bilen 3 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Italiýaly tälimçi karýerasy boýunça “Arezzo”, “Bari”, “Atalanta”, “Siena”, “Ýuwentus”, “Çelsi”, “Inter”, “Tottenham” klublaryna hem-de Italiýanyň milli ýygyndysyna tälim beripdi. Ol “Serie A”-da “Ýuwentusa” 3, “Intere” 1, şol sanda “Premier Ligada” hem “Çelsä” 1 gezek çempionlyk gazandyrypdy.

“Napoli” klubuna Françesko Kolzano tälim berýärdi. Ol fewral aýynda möwsümiň ahyryna çenli wezipä bellenipdi.