Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy bo­lan eziz Di­ýa­ry­myz­da yn­san sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­tyn­da esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Sport we be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­mak yn­san sag­ly­gy üçin äh­mi­ýet­li­dir. Bu ba­bat­da ýur­du­myz­da giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän mil­li sport ul­ga­my dö­re­dil­ýär.
GDA-nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­niň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­len çöz­gü­diň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny ýe­ne-de bir ge­zek be­len­de gal­dyr­dy.
Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da soň­ky ýyl­lar­da gur­lan Olim­pi­ýa şä­her­çe­si, Olim­pi­ýa suw sport top­lu­my, Mil­li Olim­pi­ýa sport köş­gi, Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­my, «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­ny ýa­ly iri sport des­ga­la­ry spor­ty we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek­de giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Ýur­du­myz­da Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­nü­niň giň­den bel­le­ni­len gü­nün­de – 1-nji iýun­da Azi­ýa­nyň Ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy (ATF) ta­ra­pyn­dan Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ten­nis top­lu­my­nyň «Ten­nis bo­ýun­ça Azi­ýa se­bi­ti­niň okuw-tür­gen­le­şik mer­ke­zi» diý­lip yg­lan edi­len­di­gi ba­ra­da­ky gü­wä­na­ma­nyň gow­şu­ryl­ma­gy hem tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­riň şä­he­ri­niň sport ab­ra­ýy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, sport je­bis­leş­di­ri­ji, ruh­lan­dy­ry­jy güýç bol­mak bi­len, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga hyz­mat ed­ýär. Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň iş­jeň ös­dü­ril­ýän ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­ýär. Mu­nuň üçin Di­ýa­ry­myz­da äh­li ze­rur şert­ler bar. Ýur­du­myz­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak, ne­ti­je­li tür­gen­leş­mek, tür­gen­le­riň us­sat­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, mil­li we hal­ka­ra de­re­je­dä­ki ýa­ryş­la­ry gu­ra­mak üçin döw­re­bap ugur­daş inf­rast­ruk­tu­ra dö­re­dil­di.
Ýur­du­myz­da 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry, 2018-nji ýyl­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty, 2023-nji ýyl­da Ku­raş bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da bol­sa hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş ge­çi­ril­di. 2025-nji ýyl­da paý­tag­ty­myz­da Sam­bo bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek ba­ra­da ka­bul edi­len çöz­güt ýur­du­myz­da ýo­ka­ry de­re­je­li spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär.
Spor­tuň in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly ös­dü­ril­ýän ýur­du­myz­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na ag­za döw­let­ler­de we dün­ýä­de uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýan spor­tuň fi­ji­tal gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar uly ru­hu­be­lent­li­ge bes­len­di. Türk­men spor­tu­nyň üs­tün­lik­le­ri­niň şa­ny­na hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­la­ry­nyň gu­ral­ma­gy, ýe­ňi­ji­le­re gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ryň gow­şu­ryl­ma­gy tür­gen­le­ri­mi­zi Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny mun­dan beý­läk-de be­len­de gö­ter­mä­ge, iri ýa­ryş­lar­da ýa­şyl Tu­gu­my­zy be­lent­de par­lat­mak üçin tä­ze sport ýe­ňiş­le­ri­ni ga­zan­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2018-nji ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji ses­si­ýa­syn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da 3-nji iýu­ny «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, her ýy­lyň 3-nji iýu­ny «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» hök­mün­de giň­den bel­le­nil­ýär.
«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da bol­sa, bu baý­ram­çy­ly­gyň da­ba­ra­sy has-da ar­typ, Aş­ga­bat–Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Ma­ry–Te­jen–Aş­ga­bat bö­le­gin­de il­kin­ji ge­zek we­lo­si­ped­li ýö­riş hem gu­ral­dy. Oňa ýur­du­my­zyň Ahal, Da­şo­guz we Le­bap we­la­ýat­la­ry­na hem-de paý­tag­ty­my­za we­kil­çi­lik ed­ýän tür­gen­le­riň 53-si, tä­lim­çi­le­riň 7-si we teh­ni­ki iş­gär­le­riň 2-si gat­naş­dy.
Wa­ta­ny­myz­da we­lo­si­pe­diň meş­hur­ly­gy­ny art­dyr­mak ug­run­da­ky çä­re­ler ba­ra­da söh­bet edi­len­de iki se­nä­ni ýat­lap geç­mek ge­rek. 2018-nji ýyl­da kö­pu­gur­ly «Aş­ga­bat» sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len we­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça «Iň köp­çü­lik­le­ýin tä­lim be­riş sa­pa­gy­na» 3 müň 246 adam gat­naş­dy. Şo­nuň bir ýyl yzy­sü­re Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ge­çi­ri­len «Iň do­wam­ly, bir ny­zam­ly we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe» we­lo­si­ped­çi­le­riň 2019-sy go­şul­dy. Bu çä­re­le­riň iki­si­ne-de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da my­na­syp orun be­ril­di. 2022-nji ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň aw­tor­daş­lyk et­me­gin­de öňe sür­len baş­lan­gyç esa­syn­da «Dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped sür­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­gam­la­ry­na gi­riz­mek» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi bol­sa mil­li dip­lo­ma­ti­ýa­my­zyň no­bat­da­ky ýeň­şi bol­dy.

Mu­ham­met­na­zar ŞI­HI,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.