«Bentley»-iň täze başlygy. 1-nji iýuldan başlap Beýik Britaniýanyň awtoulag kompaniýasy «Bentley»-e Frank-Şteffen Wallizer ýolbaşçylyk eder. «Bentley»-iň ozalky başlygy Edrian Hollmark şu ýylyň mart aýynda «Aston Martin»-iň baş direktory wezipesini ýerine ýetirmek üçin kompaniýadan gitdi.
Ýangyç guýujy robot. Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabidäki ýangyç beketleriň birinde ýangyç guýýan robot peýda boldy. Emeli aňly enjamy ýerli inženerler oýlap tapdy. Bu tehnologiýa ýangyç guýmak işlerini tizleşdirip, sürüjileriň wagtyny tygşytlamagyna ýardam berer.
Köp çagalylygyň peýdasy. Ýel uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary maşgalanyň ululygy bilen ene-atanyň akyl saglygynyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar. Köp çagalylaryň beýnisi az çagalylaryňka garanyňda, has ýaş bolýan eken. Şeýle-de, köp çagalylar işjeň durmuş ýörelgesine eýe bolup, bu ýagdaý olaryň akyl saglygyna oňyn täsir edýär.
Uzak ýaşamagyň syry. Beýik Britaniýanyň Birmingem şäherinde ýaşaýan 100 ýaşly zenan ruhubelentligi we geljege umytly garamagy uzak ýaşamagyň syry hasaplaýar. «Durmuşda ýüze çykýan meseleler hakda pikir edip özüňi kösemek dürs däl, iň gowusy, kyn meselelerden akylly-başly çykalga gözlemeli» diýip, Silwiýa Mogg gürrüň berýär.
Ilkinji kompýuter auksiona çykaryldy. Dünýäde ilkinji talabalaýyk personal kompýuter hasaplanýan 1972-nji ýylyň Q1 kompýuteriniň seýrek nusgasy ABŞ-da «Heritage» auksionyna çykaryldy. Öz döwründen öňe giden bu ykjam kompýuter Londonda tötänleýin tapyldy. Onuň başlangyç bahasy 32 müň dollar.
Wodorod ýangyçly ilkinji ýahta. Niderlandlaryň «Feadship» gämi abatlaýyş kärhanasy dünýäniň ilkinji wodorod bilen işleýän ýahtasy bolan «Project 821»-i ulanyşa girizdi. «Project 821»-iň uzynlygy 119 metr, ini 19 metr. Bu ýahtanyň esasy aýratynlygy iň ýeňil himiki element bolan wodorod bilen işleýän elektrik stansiýasynyň bolmagydyr.
Jon Lennonyň gitarasy. Dünýä belli britan aýdym-saz topary «The Beatles»-iň agzasy Jon Lennonyň 50 ýyl mundan öň «ýitirilen gitarasy» Nýu-Ýorkdaky «Julien» auksionynda 2 million 857 müň dollara satyldy. 12 tarly akustik gitarany 1965-nji ýylda Jon Lennon we gitaraçy Jorj Harrison çalypdyr.
Global bazara çykdy. Hindistanyň «Tata Electronics» kompaniýasy ýarym geçirijileriň global bazaryna çykdy. Kompaniýa ABŞ-dan, Ýaponiýadan we birnäçe ýewropaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde öndürilen mikroshemalaryň çäkli toplumyny eksporta iberdi. Täjirçilik maksatly önümçilik 2027-nji ýylda ýola goýlar.
Diş ösdürýän derman. Şu ýylyň güýzünde Ýaponiýada gipodontiýany, ýagny dişleriň dogabitdi ýoklugyny bejermek üçin döredilen täze dermanyň kliniki synaglary başlar. Kitanonyň Lukmançylyk barlaglary institutynyň (Osaka) hünärmenleri tarapyndan döredilen bu derman täze dişleriň ösüp çykmagyna itergi berer.
Ýygnalýan köpri oýlanyp tapyldy. Şweýsariýanyň ýol müdirligi ASTRA atly täze modully ykjam geçelgäni döretdi. Bu gurnama geçelge sürüjilere aýlanyp geçmegiň ýa-da dyknyşyklarda durmagyň deregine, ýol işleriniň gidýän ýeriniň edil ýokarsyndan geçmäge mümkinçilik berýär. ASTRA bir günde gurnalýan birnäçe bölekden ybarat.